Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary Parlamente saýlawlaryň deslapky netijesini yglan etdi

Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary Parlamente saýlawlaryň deslapky netijesini yglan etdi

Özbegistanda geçen ýekşenbede bolan Parlament saýlawlaryna gatnaşyk 74,72 göterime deň boldy diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew metbugat ýygnagynda habar berdi. Bu barada Report ýazýar.

Habarda Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň deslapky sanalyşyk netijesinde sesleriň 34,75 göterimini alandygy aýdylýar, netijede, partiýa kanunçykaryjy palatada deputat mandatlarynyň 26-syny gazandy.

Ondan soňra 18,82 göterim (Aşaky palatada 14 deputat) bilen Milliý tiklanyş demokratik partiýasy, 17,11 göterim (13 deputat) bilen Halk-demokratik partiýa, Adolat sosial-demokratik partiýasy (16,20 göterim ýa-da 12 deputat orny) we Ekologiýa partiýasy (13,12 göterim ýa-da 10 deputat) ýerleşdi.

Parlament saýlawlaryna 15 milliondan gowrak adam ýa-da 20 million saýlawçynyň 74 göterimi gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Sesleriň köplügine eýe boldy
Türkmenistan Frankfurtda geçirilýän Heimtextil 2026 sergisine gatnaşdy
Türkmenistan Frankfurtda geçirilýän Heimtextil 2026 sergisine gatnaşdy
Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi