Özbegistanyň Ministrler Kabineti Oliý Mažlisiň täze düzüminiň öňünde ygtyýarlylyklary ýatyrdy

Özbegistanyň Ministrler Kabineti Oliý Mažlisiň täze düzüminiň öňünde ygtyýarlylyklary ýatyrdy

27-nji oktýabrda geçen Parlament saýlawlarynyň jemleri bilen baglylykda, ýurduň Oliý Mažlisiniň palatalary täze düzümde emele getirildi diýip, Özbegistanyň Premýer-ministriniň metbugat kätibi Bekzod Hidoýatow habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 19-njy noýabrda Ministrler Kabinetiniň kararyna laýyklykda, hereket edýän Hökümet Oliý Mažlisiň täze saýlanan düzüminiň öňünde wezipe ygtyýarlylyklaryny bes etdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, häzirki Ministrler Kabineti Hökümetiň täze düzümi düzülýänçä, öz işini dowam eder.

Bu saýlawlar syýasy ulgamda geçirilen uly özgertmeler esasynda mümkin eýe boldy. Özgertmelerde garyşyk saýlaw ulgamyny girizmek we zenanlaryň syýasatdaky ornuny ýokarlandyrmak ýaly wezipeler hem göz öňünde tutulýardy.Täze ulgamyň çäklerinde deputatlaryň 150-sinden 75-si mažoritar ulgam esasynda, galanlar bolsa, partiýa sanawlary boýunça saýlanýar, bu bolsa, öz gezeginde, syýasy güýçleriň has giň wekilçiligini hem-de demokratik wekilçiligi gowulandyrýar diýip, Daryo.uz ýazýar.

Tanzila Narbaýewa Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň senatynyň başlygy wezipesine saýlandy. Çözgüt gizlin ses berlişik netijesinde kabul edildi. Şeýle hem Narbaýewanyň orunbasarlary wezipelerine Sadyk Safaýew we Amanbaý Orynbaýew saýlandy.

Parlamentiň täze düzümdäki ilkinji ýygnagy düýn— 19-njy noýabrda geçip, onuň işine ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy diýip, MIR 24 habar berýär.

Tanzila Narbaýewa Senatyň başlygy wezipesini 2019-njy ýyldan bäri eýeleýär. Ol sosiologiýa ylymlarynyň doktory we professorydyr. Narbaýewa pedagogika, syýasat we kärdeşler arkalaşyklary ýaly dürli ugurlarda işledi.

Ýene degişli makalalar

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi
Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady
Matwiýenko Merkezi Aziýa ýurtlarynda döwlet agdarlyşyklaryna garşy durmak barada gürrüň berdi we Berdimuhamedowdan medal aldy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyny kabul etdi