Özkan Ugur Soňky Ýoluna Ugradyldy

Özkan Ugur Soňky Ýoluna Ugradyldy

Rak keseline garşy birnäçe ýyldan bäri bejergi alan we 69 ýaşynda şenbe güni aradan çykan tanymal sungat ussady Mazhar Fuat Özkan toparynyň agzasy Özkan Ugur üçin Stambulda Atatürk medeniýet merkezinde dabara geçirildi.

Dabara sungat ussadynyň hossarlary we Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen birlikde ýakyn dostlary gatnaşdy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý dabarada eden çykyşynda, Özkan Uguryň türk aýdym-sazynda öçmejek yz galdyrandygyny belledi.

Özkan Ugur, Taksim metjidinde okalan jynaza namazyndan soň Karajaahmet gonamçylygynda jaýlandy.

Ýene degişli makalalar

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Mongoliýanyň Prezidenti Stambulyň Taryhy Ýerlerine Baryp Gördi
Mehmet Şimşek G-20-niň Maliýe Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşar
Ministr Şimşek Katarly Maýadarlar Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Mustafa Ali Mehmet