Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

19-njy noýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburg şäherine sapary başlady. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Saparyň esasy maksady — “Arkalaşygyň modasy” atly IV Halkara foruma gatnaşmakdan ybaratdyr. Bu ýerde GDA-nyň öňdebaryjy modaçylarynyň kolleksiýalary görkeziler.

O. Atabaýewa forumyň çäklerinde Sagdyn bolmak modadyr atly plenar mejlisde çykyş edip, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň barada gürrüň berer.

Forumyň guramaçylary — GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bolup durýar.

Sapar çäklerinde döwlet, jemgyýetçilik we işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar hem geçirilip, ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri, çagalary goldamak, şeýle hem medeni we haýyr-sahawat başlangyçlaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Behişdi bedew — Watanymyzyň täze belentliklere tarap okgunly ösüşiniň nyşany
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp