“Oguzabat” Türkmenbaşy portundan Türkiýä 749,9 tonna koks ugratdy

“Oguzabat” Türkmenbaşy portundan Türkiýä 749,9 tonna koks ugratdy

“Oguzabat” hojalyk jemgyýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen ýokary hilli koks önüminiň 749,9 tonnasyny Türkiýäniň “Bestway” kompaniýasyna ugratdy. Bu barada Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sişenbe güni habar berdi.

Şeýle hem polipropilen terminalynyň üsti bilen Gazagystanyň “Korsintez” kompaniýasynyň buýurmasy esasynda 1 müň 350 tonna polipropilen önümi Russiýanyň Astrahan oblastyna eksport edildi diýip, habarda bellenilýär.

Polipropilen terminalynda polipropileniň tebigy şertlerden zaýalanmazlygy üçin ähli mümkinçilikler döredilip, onda ýerleşdirilen demir relsde hereket edýän port kranlary şol bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT-lik gämilere ýükleme we düşürme işlerini amala aşyrýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň umumy meýdany 62 müň inedördül metr, ýyllyk kuwwaty bolsa 120 müň tonna bolup, onuň üsti bilen dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri eksporda ugradylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Türkiýä we Russiýa türkmen önümleri eksport edildi
02.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy
21.07.2018 | Polipropilen örtügini öndürýän täze kärhana açyldy
Polipropilen örtügini öndürýän täze kärhana açyldy
11.08.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portunyň işi bilen tanyşdy
02.10.2018 | Awaza milli syýahatçylyk zolagynda halkara ulag-logistika maslahaty geçirilýär