Iňlis diliniň Oksford sözlügi “waksina” (vax) sözüni we ondan emele gelenleri 2021-nji ýylyň sözi hökmünde saýlady. Bu barada sözlügiň habarynda aýdylýar diýip, RIA Nowosti belleýär.
“Waksina” (vax) 2021-nji ýyldaky sözümiz boldy. Haçan-da biziň leksikograflarymyz iňlis diliniň ýygyndy maglumatlaryny öwrenip başlanlarynda, “vax” sözüniň aýratyn saýlanyp duran sözdügi derrew belli boldy” diýlip, sözlügiň habarynda bellenilýär.
Alymlar bu sözüň şu ýyla çenli Oksford sözlüginiň ýygyndysynda örän seýrek bolandygyny belleýärler. Ol sentýabr aýyna çenli 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 72 esse köp duşdy.
Iňlis dilinde “waksina” düşünjesi 1790-njy ýyllaryň ahyrynda lukman Edward Jenneriň kömegi bilen peýda boldy. Ol adamyň mama keseline garşy maddanyň sygryň ýa-da atyň mama keselidigini anyklandan soň, sanjym döretdi. Şonda onuň derman serişdesi “Variola vaccinia” diýlip atlandyryldy.
2020-nji ýylda Oksford sözlügi ýylyň bir sözüni ýylyň sözi hökmünde saýlap bilmedi.Ulanylyş ýygylygy boýunça “koronawirus” sözi we COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly bolan lokdaun, sosial araçäk, furlough (koronawirus çökgünligi sebäpli işsiz galanlaryň aýlyk haklarynyň öwezini dolmak) ýaly düşünjeler we WFH abbrewiaturasy (work from home öýden işlemek) öňdebaryjy boldy.
Tutuş dünýäde adamlaryň söz baýlygyna täsir eden esasy wakalar ekologik betbagtçylyklar, sosial we syýasy prosesler, şeýle-de koronawirus pandemiýasy boldy.