Oman Soltanlygy Türkmenistana täze ilçi belledi

Oman Soltanlygy Türkmenistana täze ilçi belledi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Saif bin Raşid bin Saif Al Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda alyp barjak işlerinde oňa üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklary ilerletmekde döwletara we hökümetara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýeti bellenildi. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň uly mümkinçilikleri barada söhbet edildi.

Söhbetdeşlikde ýokary derejeli gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň, halkara we sebitleýin parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada hem pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gruziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belledi
Maýa goýum forumy — uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüş üçin möhüm meýdança
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi