OPEK nebite bolan islegiň artjakdygyny çaklady

OPEK nebite bolan islegiň artjakdygyny çaklady

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň gije-gündizde degişlilikde, 3,1 million barrel hem-de 2,7 million barrel derejede ösjekdigini çaklady. Bu barada guramanyň nobatdaky aýlyk hasabatynda aýdylýar diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Ählumumy ykdysady ösüş nebite islegiň 2022-nji ýylda gije-gündizde 3,1 million barrel we 2023-nji ýylda gije-gündizde 2,7 million barrele çenli ösmegine getirer. Netijede, dünýäde nebite isleg gije-gündizde 102,7 million barrele deň bolar we bu COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürdäkiden ýokary bolar diýlip, nutukda aýdylýar.

Ady tutulan döwürlerde nebite islegiň artmagyna dünýäde jahankeşdelik bazarynyň dikelmegi hem-de ulag işjeňliginiň ýokarlanmagy sebäp bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum foruma gatnaşýar
Nebite isleg artar
Eýranyň daşary işler ministriniň Russiýa eden sapary
Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi
OPEK+ täze şertnamanyň üstünde işläp başlar
Türkmenistan 2022-nji ýylyň ahyrlarynda, 2023-nji ýylyň başlarynda hususy gämisiniň gurluşygyna başlamagy göz öňünde tutýar