OPEK+ ýurtlary iýulda nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň şertlerini 523% ýerine ýetirdiler

OPEK+ ýurtlary iýulda nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň şertlerini 523% ýerine ýetirdiler

OPEK+ ýurtlary 2022-nji ýylyň iýul aýynda nebit önümçiligini günde 570 müň barrel (b/g) artdyrdylar, şeýle-de bolsa önümçilik boýunça meýilnama görkezijilerinden 2,74 mln b/g yza galýarlar. Bu Halkara energetika agentliginiň (HEA) awgust hasabatyndan gelip çykýar diýip, TASS habar berýär.

Birleşigiň agzalarynyň nebit önümçiliginiň göwrümi iýun aýy bilen deňeşdirilende 570 müň b/g, ýagny günde 38,14 mln barrelden günde 38,71 mln barrele çenli artdy. Şol bir wagtyň özünde OPEK+ ýurtlary tarapyndan önümçiligiň maksatly derejesi iýun aýy üçin 41,45 mln b/g barabardy. Şeýlelik bilen, meýilnamadan yza galyş günde 2,74 mln barrel derejesinde boldy.

OPEK+ ýurtlary bazary durnuklaşdyrmak üçin 2020-nji ýylyň maý aýyndan bäri nebit önümçiligini azaldýarlar, ýöne bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi esasynda eýýäm ony dikeldýärler. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri olar nebit önümçiligini aýda, takmynan, 400 müň b/g derejesinde ýokarlandyrmak tertibini berjaý etdiler.

Meýilnama 2022-nji ýylyň iýul we awgust aýlary üçin üýtgedildi koronawirus pandemiýasyndan soň dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi sebäpli nebite bolan islegiň tomsuna ýokarlanmagynyň esasynda birleşigiň ýurtlary önümçiligiň ösüşini 648 müň b/g çenli ýokarlandyryp, sentýabr kwotasyny deň paýladylar. Şeýle-de bolsa, erkin mümkinçilikleriň ýoklugy sebäpli birleşigiň agzalary maksatly derejä hemişe ýetip bilmeýärler. Şeýlelikde, nebit önümçiligini azaltmak boýunça OPEK+ şertnamasy iýul aýynda artygy bilen ýerine ýetirildi şertnamanyň ýerine ýetiriliş derejesi bir aý öňki 314%-e garşy 523% boldy.

Ýene degişli makalalar

Halkara energetika agentligi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň derejesini peseltdi
Saud Arabystany 2027-nji ýyla çenli nebit önümçiligini 13 mln b/g ýetirmegi maksat edinýär
Öñki “ygtybarsyz hyzmatdaş”. Russiýa Türkmenistany gaz oýunlaryna iterýär, bu Aşgabat üçin amatlymy?
Nebite isleg artar
OPEK nebite bolan islegiň artjakdygyny çaklady
Eýranyň daşary işler ministriniň Russiýa eden sapary