“Ormuz bogazy dünýä üçin açyk, duşmanlar üçin ýapyk”

“Ormuz bogazy dünýä üçin açyk, duşmanlar üçin ýapyk”

Eýran tarapyndan penşenbe güni berlen beýannamada, Ormuz bogazynyň dünýä üçin açyk boljakdygy emma duşmanlary we duşmanlarynyň sebitdäki harby bazalary üçin ýapyk boljakdygy nygtaldy.

Eýranyň dini lider Mojtaba Hameneiň kömekçisi Ali Ekber Welaýeti, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, söweşiň geljeginiň Eýranyň strategiýasy tarapyndan kesgitlenjekdigini aýtdy.

Ali Ekber Welaýaty “Ormuz bogazy dünýä üçin açyk, emma eýranyň halkynyň duşmanlary we sebitdäki harby bazalary üçin ýapyk bolar” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ak Tamda Eýranyň raketa we dron hüjümini guramak mümkinçiliginiň azalandygy barada beren beýannamasyndan birnäçe sagat soň Eýran tarapyndan berlen bu beýannama ünsleri özüne çekdi.

Tramp söweşiň iki ýada 3 hepde dowam etmegine garaşýandygyny aýdypdy.

Tähran Aziýa ýurtlarynyň energiýa üpjünçiliginde esasy suw ýoly hökmünde bilinýän Ormuz bogazyna gözegçilik edýär we bogazdan dost ýurtlar hökmünde häsiýetlendiren ýurtlaryň gämileriniň geçmegine rugsat berýär.

ABŞ bilen Ysraýylyň 28-nji fewralda Eýrana garşy başladan söweşinde ýurduň ozalky dini lideri Ali Hameneýi bilen birlikde 1340 adam ýogaldy.

Eýran bolsa Ysraýyl bilen birlikde ABŞ-nyň harby merkezlerine ýer eýeçiligini edýän Iordaniýa, Yraga we Aýlag ýurtlaryna raketa we dron hüjümlerini guramaga dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Tramp: "Meniň pikirimçe, (Eýran) biziň talap edýän zatlarymyzyň tas ählisini kabul etdi"
Eýran: ABŞ topraklarymyza harby goşun ornaşdyran halatynda “ikinji Wiýetnam wakasy” ýüze çykyp biler
ABŞ bilen Ysraýylyň guran hüjümlerinde öldürlen Larijani bilen Süleýman soňky ýoluna ugradylýar
Türkiýe Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin uly tagalla edýär
Ysraýyl Liwanda has giňişleýin basyp alyş meýilleşdirýär
Eýran Ysraýyla guraýan raketa hüjümlerini dowam etdirýär