Orsýet häzirlikçe Türkmenistandan gaz almagy dikeltmegi planlaşdyrmaýar

Orsýet Türkmenistan bilen türkmen gazyny satyn almagy dikeltmek boýunça gepleşik geçirmeýär diýip, “Sputnik-Узбекиста” neşiri RF-nyň energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskä salgylanyp habar berýär.

Ýanowskiniň sözlerine görä, bu arakesme 2019-njy ýylyň aýagyna çenli dowam eder.

Ýatladýarys, “Türkmengaz” 2015-nji ýylda “Gazrpom” kompaniýasynyň hasap boýunça bergisini tölemäýndigini aýtdy we rus konserniniň tölege ukypsyzdygyny yglan etdi. “Gazprom” muňa jogap edip, “Türkmengazyň” üstünden Stokgolmdaky arbitraž suda ýüz tutup, Türkmenistandan satyn alnan gazyň bahasyna gaýtadan seretmegi hem-de artyk tölenen $5 milliardyň yzyna gaýtarylmagyny talap etdi.

“Gazprom” 2016-njy ýylyň başyndan türkmen gazyny almagyny bes etdi we soňra şol ýylyň özünde “Uzbekneftegazdan” gaz satyn almak boýunça şertnama gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Akwarel suratlary däp-dessurlar barada: ýaşajyk žiwopisçileriň bäsleşigi
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we olara hünär derejelerini bermek hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we olara hünär derejelerini bermek hakynda