Orta mekdepleriň okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplar toplumy çap edildi. "Bilim" maksatnamasyna laýyklykda awtorlar J.Hatamow we J.Gurbangeldiýew tarapyndan taýýarlanan "Dünýä taryhy" okuw kitaby 12-nji synp okuwçylaryna niýetlenendir.

Bu okuw kitap XXI asyryň syýasy, ykdysady we sosial üýtgeşmelerine bagyşlanypdyr.Onda Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň, Aziýa we Afrika döwletleriniň, şeýle-de döwrebap ählumumy özgerişleriň taryhy barada maglumatlar berlipdir.

Aýratyn hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň, tehnologiýalaryň, emeli aňyň ösüşlerine we dünýä syýasatynda ýurdumyzyň tutýan ornuna uly üns berlipdir.Okuw kitap bir bölümden, 3 bapdan we 32 paragrafdan ybarat.

Kitabyň soňunda adalgalar sözlügi we gysgaltmalar sanawy ýerleşdirilipdir.Bu kitap ýaşlaryň döwrebap dünýägaraýyşyny ösdürmäge, dünýä taryhy baradaky bilimlerini artdyrmaga, häzirki dünýä özgerişlerine bolan düşünjesini ösdürmegäe we halkara gatnaşyklar ulgamyny kämilleşdirmäge kömek eder. Şol bir wagtda 9-njy synp okuwçylar üçin L.Kasparowanyň, S.Musaýewanyň, G.Atadurdyýewanyň taýýarlamagynda rus dilinde "Edebiýatdan hrestomatiýa" okuw kitaby çap edildi.

Hrestomatiýa edebiýat boýunça bilim maksatnamasyna laýyklykda işlenildi we okuwçylaryň edebi-çeper başarnyklarynyň kämilleşdirilmegine we sungat ukyplarynyň ösdürilmegine gönükdirilen.Edebiýat okuw kitabyna goşant boljak bu hrestomatiýa öwrenilen maglumatlaryň berkidilmegine, bilimlerini giňeltmäge ýardam berer.

Hrestomatiýanyň esasy maksady bilim alýanlaryň okamaga bolan höwesini ösdürmek, mazmunyna düşünmek, düşündiriş we teswir bermek, okalan eser barada öz pikiriňi dogry beýan edip bilmek başarnyklaryny girizmekden ybarat.Bu okuw kitabyny taýýarlanlar bilim alýanlaryň okamak medeniýetini döretmekde we edebiýatyň ajaýyp dünýäsini görmekde ynamdar ýol görkezijisi boljak gepleşikleri alyp barmagyň üstünlikli geçjekdigine ynanýandygyny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ EDERMEN KEŞBINI ESERLERINE SIŇDIREN USSAT ÝAZYJY
Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Edebiýat boýunça Nobel baýragy Han Gana berildi
Han Kang Nobel Edebiýat Baýragyny Aldy
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekdi