Oskaryň taryhynda ilkinji gezek

Kino dünýäsiniň iň uly sylagy hasaplanýan Oskar baýraklary nobatdaky gezek öz mynasyplaryna gowşuryldy. 92-nji gezek geçirilen dabara Los Anjelesdäki “Dolby” teatrynda guraldy. Ýyldyzlaryň owadan lybaslar geýip, gyzyl halydan geçişligi bilen başlan dabara 3 sagat 45 minutlap dowam etdi.

Bassyr 2-nji gezek alypbaryjysyz geçirilen dabarada iň gowy film baýragyna koreýleriň “Mugthorlar” atly kinosy mynasyp boldy.Bon Žun-honuň režissýorlyk eden filmi Oskaryň baş baýragyny alan iňlis dilinde bolmadyk ilkinji kino hökmünde taryha girdi. Şeýle-de film režissýoryna iň gowy režissýor baýragyny hem gazandyrdy.

Iň gowy asyl ssenariý hem-de iň gowy halkara film baýraklaryny gazanan film 6 ugurdan dalaşgär görkezilipdi.Netijede, koreý kinosy 4 heýkeljik bilen dabaranyň iň köp baýrak gazanan filmi boldy.

Garaşylýan artistler

baýraga laýyk görüldi

506519.jpgIň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna garaşylyşy ýaly, “Joker” hem-de “Judi” filmlerindäki keşpleri üçin degişlilikde, Hoakin Feniks bilen Rene Zellweger laýyk görüldi.Edil şonuň ýaly, ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklarynda-da bilermenleriň çaklamalary dogry bolup çykdy. Ýagny “Altyn globus”, BAFTA, SAG ýaly kino sungatynyň beýleki iri baýraklarynda-da ýeňiş gazanan Bred Pitt (“Bir wagtlar Golliwudda”) bilen Laura Dern (“Öýleniş hekaýasy”) Oskaryň heýkeljiklerine-de mynasyp boldular.

Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariý ugry boýunça “Towşan Jojo” filminiň edebi esasyny ýazan, şol bir wagtyň özünde kinonyň režissýory Taika Waititi Oskara laýyk görüldi. Iň gowy animasiýa baýragyny ýene-de “Pixar” we “Disney”-iň bilelikdäki önümi bolan “Oýnawaçlaryň hekaýasy 4” multfilmi eýeledi.

Iň gowy saz baýragy “Joker” filminiň sazlaryny döreden zenan kompozitor Hildur Gudnadouttire gowşuryldy. Berni Taupiniň sözlerine Elton Jonuň “Roketmen” filminde ýerine ýetiren “(I’m Gonna) Love Me Again” atly aýdymy, iň gowy aýdym diýlip saýlandy.

Baş baýragy almagyna garaşylan “1917” atly film 3 ugur boýunça tapawutlandy. Filmiň dünýä belli kameraçysy Rojer Dikins özüniň 15-nji dalaşgärliginde 2-nji gezek iň gowy operator baýragyna laýyk görüldi. Şeýle-de filmiň degişli tehniki işgärleri iň gowy ýörite effektler we iň gowy ses baýraklaryna mynasyp boldular.

Dabarada birden köp baýrak alan kinolardan “Ford Ferrariniň garşysyna” iň gowy montaž we iň gowy ses montažy ugurlary boýunça Oskaryň heýkeljiklerini almagy başardy.Bezeg ugurlary boýunça baýraklary 3 film özara paýlaşdy. Ýagny iň gowy önümçilik bezegi baýragyna “Bir wagtlar Golliwudda”, iň gowy grim baýragyna “Kiçi zenanlar”, iň gowy makiýaž we saç bezegi baýragyna-da “Gopgun” filminiň degişli hünärmenleri laýyk görüldi.

Ýene degişli makalalar

92-nji Oskar baýraklarynyň ýeňijileri:
“Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri
Hoakin Feniks bilen “Joker” filminiň dowamy 2024-nji ýylyň oktýabrynda çykar
Turkmenportalyň sungat syny: Leýdi Gaga Jokere ýakynlaşýar
Jokeriň dowamy surata düşüriler
Oskarly aktýor Napoleonyň keşbini janlandyrar