Ot-iým ýetmezçiligi maldarçylyk pudagyna zarba urýar, mallar gyrylýar

Ot-iým ýetmezçiligi maldarçylyk pudagyna zarba urýar, mallar gyrylýar

Mary welaýatynyň Türkmengala we Ýolöten etraplarynda gyş pasly maldarlar üçin agyr geçdi. Maldarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklar, şol sanda dowardarlar iri we ownuk şahly mallaryny önümliligi pes öri meýdanlarynda talabalaýyk gyşladyp bilmedi. Ot we iým ýetmezçiligi, açlyk we horluk köpçülikleýin mal ölümlerine getirdi.

“Bu ýyl gyş pasly geçen ýyllar bilen deňeşdirilende gaty sowuk bolmady. Mallar sowukdan däl, ot ýetmezçiliginden ejir çekdi, göleler we guzular açlykdan we horlukdan gyryldy” diýip, birnäçe çopan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Murgap derýasynyň golaýynda ýerleşýän Ýolöten we Türkmengala etraplarynyň maldarlary öri meýdanlaryndaky ot ýetmezçiligi zerarly, gyş paslynda mallaryny beýleki sebitlere sürmeli boldular.

Ot-iým ýetmezçiligi käbir hojalyklary öz mallaryny satmaga mejbur etdi.

“Geçen gyşda mallar otsuz kösenip, horlandy, ençeme mallar gyryldy, ençemesi arzan bahadan satyldy. Mallar köpelmegiň deregine azalýar” diýip, çopanlar aýdýar.

“Türkmenistanyň hronikasy neşiri” ýerli çopanlara salgylanyp, geçen gyşda guzularyň tas 40 prosentiniň gyrlandygyny habar berýär.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky bir maldarçylyk hojalygynyň eýesi jemi 348 maldan 62 sany guzyny we 30 sany ene goýuny ýitiripdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýylyň başlarynda Mary welaýatynyň öňki Serhetabat etrabynda ýerleşýän öri meýdanlarynyň ot örtüginiň ýaramazlaşmagy, maldarçylyk hojalyklarynyň otsuz we suwsuz ýüzbe-ýüz bolýan kösençlikleri barada habar berdiler.

Ýanwaryň ahyrlarynda Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz hem Gyzylarbat etrabyndaky dowardarlaryň ot-iým ýetmezçiliginden şikaýat edýändiklerini habar berdiler. Bu sebitde gyş paslynyň sowuk howasy hem ot-iým ýetmezçiliginiň üstüne urgy boldy.

Türkmen dowardarlary bahar aýlarynda owlak-guzy möwsümine bat berýärler. Hökümetçi neşirler şu ýyl Garagumyň hem-de Gyzylgumyň ýaýlalarynda 79 müň 206 sany ene goýundan 72 müň 718 sany guzyny almagyň meýilleşdirilýändigini habar berýärler.

Ýerli metbugat 2023-nji ýylyň martynda Lebap welaýatynda 74 müň 700-den gowrak, 2022-nji ýylyň martynda bolsa 60 müňden gowrak guzynyň alnandygyny habar berdiler.

Bu ýyl bolsa, Lebap welaýatynda fewralyň aýagyna çenli alnan owlak-guzularyň sany 12 müň 450-ä ýetipdir.

Maryly maldarlar bu ýyl özlerine degişli gara mallaryň sanynyň azalýandygyny aýdýarlar.

“Şu ýyl howa ygally bolup, öri meýdanlarynyň ot örtüginiň önümliligi ýokarlansa gaty gowy bolardy” diýip, maryly çopanlar ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

Sebitiň beýleki bir künjeginde, öňki Serhetabat etrabynda ýanwar aýynda habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan çopanlar öri meýdanlarynyň ot örtüginiň önümliliginiň peselmegi bilen bir hatarda suw serişdeleriniň hem ýetmezçilik edýändigini gürrüň beýärler.

Ýolöten we Türkmengala etrabynyň maldarlary fewralyň başlarynda hem ot-iým ýetmezçiliginden şikaýat etdiler.

Ýolöten we Murgap etraplarynyň bazarlarynda fewralyň başlarynda çölden getirilen arzan goýunlar peýda boldy.

Şonda habarçylarymyz bazarlara çölden getirilen mallaryň agramyna görä däl-de, daşyndan görnüşine, ýagdaýyna görä baha kesilýändigini gürrüň berdiler. Bazarlarda gurat goýunlaryň bahalary 800 manatdan başlanan bolsa, çölden getirilen goýunlaryň bahasy 400 manatdan başlanýardy.

Ortaça 3 müň manatdan bahalanýan bir ýaşar iri şahly mallaryň bahasy gyş günlerinde, ot-iým ýetmezçiliginiň arasynda, Ýolöteniň bazarlarynda 1,5 müň manada çenli pese gaçdy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň gaýtadan üýtgedip gurulmagy netijesinde, 2024-nji ýylyň fewralynda Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi esaslandyryldy. Bu birleşik ýurduň maldarçylyk pudagyna gözegçilik edýär.

Azatlyk Radiosy maldarlaryň meseleleri barada döwlet birleşiginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ot-iým ýok. Mallar hor. Metbugat 'rowaçlyk depregini' kakýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar
Çagalaryny ýeke ekleýän eneler häkimiýetleriň ýetimleriň hakyny iýýändigini aýdýar
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleri Mary welaýatynda döredijilik saparynda bolýarlar
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi