“Owadan Ülke” saryýag we şokolad pastasyny tanyşdyrdy

“Owadan Ülke” saryýag we şokolad pastasyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň 28-30-njy noýabrynda geçirilen azyk we oba hojalyk önümleriniň, olary gaplamagyň döwrebap tehnologiýalarynyň “Agro-Pak Türkmenistan — 2023” atly halkara sergisinde “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti saryýag we şokolad pastasy ýaly täze önümlerini hödürledi.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmeniniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar bermegine görä, täze önümler zerur bolan ähli sertifikatlaşdyrmak işini üstünlikli geçdi.

Geçirilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň hünärmeni “Owadan Ülkäniň” öz önümlerini Azerbaýjana we Gruziýa ibermek boýunça gepleşikleri alyp barýandygyny, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklere eksport etmek mümkinçiliklerini öwrenýändigini belledi.

Şeýle hem ýakyn wagtda kompaniýa şekerli goýaldylan süýt önümçiligini ýola goýmagyň hasabyna önümleriniň görnüşleriniň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. “Owadan Ülkäniň” Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasy günde 20 tonna çenli maýonez, her iş çalşygynda hem 60 tonna çenli möwsümleýin gaplama önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

2016-njy ýylda esaslandyrylan “Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti “NUR”, “Mylaýym”, “Hazyna” we “Esmo” haryt nyşanly önümlerini sarp edijilere hödürleýär.

Ýene degişli makalalar

Owadan Ülke 2022-nji ýylda ondan gowrak täze önümleriň önümçiligini ýola goýdy
Owadan Ülke sary ýagyň we mesge ýagynyň önümçiligini artdyrýar
Owadan Ülke kärhanasynyň önümleri bu gün alyjylaryň nazarynda
Sungata ömrüni baglan
Russiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 77 müň 68 adama ýetdi
Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär