Owerçuk: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 58% ýokarlandy

Owerçuk: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 58% ýokarlandy

Şu ýylyň ýedi aýynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary 58% ýokarlandy diýip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk aýtdy.

Alekseý Owerçuk: Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda oňyn dinamika eýe. Şu ýylyň 7 aýynyň netijelerine görä, söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58% ýokarlandy diýip belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň sözlerine görä, oňyn dinamikany saklamak üçin iki ýurduň degişli bölümleri Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasynda 2025 — 2027-nji ýyllar aralygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny taýýarladylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Alekseý Owerçuk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hem kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
40 ýyl boldy
Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi