Owgan aýallary Owganystanyň paýtagtynda demonstrasiýa geçirdiler

Owgan aýallary Owganystanyň paýtagtynda demonstrasiýa geçirdiler

Owganystanly aýallar Kabulda ýöriş geçirip dünýäniň Owganystana üns bermegini talap etdiler.

2021-nji ýylyň awgust aýynda "Talyban" häkimiýet başyna geleli bäri owgan aýal-gyzlary çäklendirmelere sezewar boldular we birnäçe gezek nägilelik bildirdiler. Ýöne indi diňe bir owgan aýallary däl, eýsem köp sanly ynsanperwer we halkara kömek guramalary hem Ukrainadaky söweş sebäpli Owganystanyň ýatdan çykarylmagyndan gorkýarlar.

Şafakna habar gullugynyň habaryna görä, Kabuldaky nägilelik bildirýän aýallar ýene bir gezek nägilelikli hereketlerinde, dünýäni Owganystany ýatdan çykarmazlyga çagyrdylar.

Owgan aýal-gyzlarynyň wideo suratlary metbugata ýaýradyldy. Protestçiler garyplygy, açlygy, çagalaryň ölümini we aýallara garşy çäklendirmeleri heläkleýji diýip häsiýetlendirmek bilen Adam hukuklary guramalarynyň we adam hukuklaryny toslaýan ýurtlaryň biperwaýlygyny utandyryjy diýip häsiýetlendirdiler.

Nägilelik bildirýän Owgan zenanlary neşir eden wideo ýazgylarynda Talyban hökümdarlygy tarapyndan Täjigistanlylaryň we Hazarlylaryň rehimsiz yzarlamalaryna yşarat edendirler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy
27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gyssagly! Daşogzuň ýaşaýjylary çagalar baglaryndaky tölegleriň on esse gymmatlandygy sebäpli häkimligiň öňünde protest aksiýasyny gurnadylar
Daşoguzda çagalar baglarynyň tölegleriniň ýokarlanmagyny adamlar protest edýärler
Daşoguzdaky töwellaçy magaryfçy protesti öjükdirmekde’ aýyplanýar
Türkmenistandaky adam hukuklary ýagdaýyna syn. Aziada wagty we ondan soňra