Owgan generaly Dostumyň uçary Türkmenistanda gondy

Türkiýeden Owganystanyň birinji wise-prezidenti, general Abdul Raşird Dostumy alyp gelýän uçar Mazari-Şerif şäherinde gonmaga rugsat berilmänden soň Türkmenistanda gondy diýip, Owganystanyň TOLO News agentligi habar berýär.

Başda uçary yzyna dolap, Hamid Karzaý adyndaky Kabul aeroportunda gonmagy teklip etdiler. Emma uçar yzyna dolandy we Türkmenistana tarap uçup gitdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, uçar Maryda gondy.

Häzir Dostum maşynda Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýab welaýatyna ugramakçy diýip, owgan habar gullugy aýdýar.

Neşir Dostumyň Owganystana Türkiýeden uçup gelendigini ýatladýar, resmi maglumata görä ol bu ýurtda soňky iki aýda saglygyny bejertmek üçin boldy.

Geçen ýylyň ahyrynda Dostumy öz syýasy garşydaşy Ahmad Işçini alyp gaçmakda, gynamakda we zorlamakda aýypladylar.

Balh welaýatynyň, uçaryň gonmaly ýeriniň gubernatory Mohammad Atta Nur owgan generalynyň uçarynyň yzyna gaýtarylandygyny ret edýär.

Onuň maglumatyna görä, Dostum häzir Türkiýede ýerleşýär, uçarda bolsa türk inženerleriniň topary bardy, olary aeroporta “tehniki problemalar” sebäply goýbermediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Praýs: “Türkiýe we Katar Kabuldan gündelik uçar saparlarynyň başladylmagy üçin tagalla edýär”
Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinde bombaly hüjüm guraldy
Aşgabatda Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini uzaltmak baradaky ylalaşyga gol çekildi
Owganystan-Türkmenistan serhedinde täze gümrük nokady gurlar
Hytaýyň nebit-gaz kompaniýasy demirgazyk Owganystanda nebit çykarmak boýunça şertnama baglaşdy