Owgan ministri: Ähli owganystanlylar TOPH taslamasyny goldaýar.

Owgan ministri: Ähli owganystanlylar TOPH taslamasyny goldaýar.

Geçen hepdäniň ahyrynda TAPI Pipeline Company Ltd-niň l Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow Kabulda Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we taslama boýunça işleriň tizleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmen wekiliýeti bilen geçirilen söhbetdeşlikde Delawer TOPH taslamasynyň diňe bir Owganystan üçin däl, eýsem, ähli gatnaşyjy ýurtlar üçinem peýdaly taslama bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem, ähli owganystanlylaryň bu ägirt uly ykdysady taslamany goldaýandygyny mälim etdi.

Ministriň aýtmagyna görä, owgan tarapy bu ugurda islendik hyzmatdaşlyga taýyndyr.

Yslam Emirliginiň resmi wekili Zabihullah Mujahid bolsa bu barada: Owganystan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeli ýerinde howpsuzlygy üpjün etdi we biz doly taýýar. TOPH taslamasynyň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirýäris diýip belledi.

Ýeri gelende bellesek, türkmen gazynyň Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana iberilmegini üpjün etjek TOPH gaz geçirijisiniň, Owganystanyň ykdysadyýetine ýylda 400 million dollar töweregi tranzit girdejisini getirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Iş topary dörediler
TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Türkmen hünärmenleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna iberilip başlandy’
Aşgabat bilen Yslamabat TOPH taslamasynyň çaltlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi
Owgan resmileri türkmen wekiliýetini TOPH-yň howpsuzlyk meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar
“TAPI Pipeline”: tebigy gaz uglerod zyňyndylarynyň azalmagyna ýardam berýär