Owganystan Türkmenistana milli önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär

Owganystan Türkmenistana milli önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly Batyr Ýolow Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy.

25-nji iýunda bolan duşuşykda Nur Ahmad Islamjar owgan tarapynyň Owganystan — Türkmenistan — Gazagystan — Hytaý ugry boýunça ýük daşamagy güýçlendirmek, şeýle hem owgan miwelerini, gök önümleri we gury iýmişleri Türkmenistana eksport etmegi ýola goýmak isleýändigini aýtdy.

Diplomat öz gezeginde Türkmenistanyň iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag hem-de logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Baghtar News-iň habar berşi ýaly, türkmen diplomaty Türkmenistanyň 120 ýük awtoulagynyň täjirçilik harytlary bilen gündelik ýükleri Turgundi serhet geçelgesinden (Owganystan) geçmäge taýýardygyny mälim etdi we Nur-Jihad kiçi elektrik bekediniň abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Nur Ahmad Islamjar TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem häkim Owganystandan, Türkmenistandan we Gazagystandan transport kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegiň zerurdygyny belledi. Duşuşykda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan ugrundaky ýük gatnawy meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy
Mary welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hyrat welaýatyna sapar amala aşyrdy
Hywa şäherine 2024-nji ýylda Yslam dünýäsiniň jahankeşdelik merkezi diýen güwänama gowşuryldy
Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar
Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Owganystan jemi $200 millionlyk 10 sany şertnama baglaşdy