Owganystanda bolan ýer titremesinde 6 adam ýogaldy

Owganystanda bolan ýer titremesinde 6 adam ýogaldy

Owganystanyň Hindi Guş sebitinde 5,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy. Ýer titremesi paýtagt Kabulyň başda durmagynda birnäçe sebitde täsirli boldy.

Kabul welaýatynyň Bagrami etrabynda bir öýüň ýykylmagy sebäpli azyndan 6 adam ýogaldy, bir adam ýitdi.

Germaniýanyň Geologiýa ylmy barlag merkezi ýer titremesiniň halkara wagt boýunça 16.12.de ýeriň 181 kilometr aşagynda bolandygyny habar berdi.

Ýer titremes Owganystan bilen birlikde Pakistanyň paýtagty Yslamabatda, Haýber Pahtunhwa welaýatynda, Gilgit-Baltistan we Hindistanyň Kaşmir sebitinde hem duýuldy.

Geçen ýylyň awgust aýynda Owganystanyň gündogarynda bolan ýer titremesinde 2200 adam ýogalypdy, 4 adam hem ýaralanypdy.

Nobaýbr aýynda bolan 6,3 bal ululygyndaky ýer titremesinde bolsa azyndan 20 adam ýogalypdy, 1000 adam ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Gawaýidäki Kilauea wulkany gaýtadan işjeňleşdi
Filippinlerde ýer titremesi boldy
Filippinlerde 6,4 bal ululygynda ýer titreme boldy
Owganystanda bolan ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy
Owganystanda Yzly-Yzyna Ýer Titredi
Türkmenistan Owganystana ýertitreme zerarly ynsanperwerlik kömegini iberdi