Owganystanda ýertitremede 1500 adam heläk boldy

Owganystanda ýertitremede 1500 adam heläk boldy

Owganystanda düýn daň säherde bolan ýertitremede heläk bolanlaryň sany 1500 adama ýetdi, 2 müňden gowrak adam şikes aldy. Bu barada Al-Jazira teleýaýlymynyň habaryna esaslanan Rentw teleýaýlymy habar berdi diýip, Trend ýazýar.

22-nji iýunda güýji 6,1 dereje bolan ýertitreme ýurduň günorta-gündogarynda bolup geçdi, ol birnäçe minut dowam etdi, emma köp heläkçilige getirdi. Obalaryň birnäçesi doly ýumruldy. Ýykylan jaýlaryň aşagynda galanlar kän. Tebigy betbagtçylyk ülkeleriň birnäçesini gurşap aldy, esasan hem, Paktika, Nangarhar, Logar, Kabul we Host ülkelerinde weýrançylyk köp.

Ýaralananlaryň ýüzlerçesi dessine dikuçarlarda hassahanalara eltildi, ýertitreme daňdan bolansoň, pida bolanlar köp diýlip çak edilýär. Sebäbi adamlar heniz süýji ukudadylar we öýlerini terk edip ýetişmediler.

Bolup geçen betbagtçylyk bilen baglylykda, BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş halkara jemgyýetçiligini Owganystana kömek bermäge çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň ÝKM-niň raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça güwänamasyna eýe boldy
Azerbaýjanyň paýtagtynda BMG-niň howa boýunça maslahaty dowam edýär
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
Türkiýe Siriýa meselesinde Asudalyk Üçin Çagyryş Etdi
Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy