
Owganystanyň wagtlaýyn hökümediniň tebigy apatlardan jogapkär Döwlet ministrliginiň metbugat geňeşçisi Molla Janan Saik metbugata beren beýanatynda, Hyrat, Sar-e Pul, Ferah, Lagman, Nuristan we Host welaýatlarynda bolmak bilen jemi 14 welaýatda sil apatynyň başdan geçirilendigini habar berdi.
Molla Janan Saik soňky 3 günde sil apatlary sebäpli 14 adamyň ýogalandygyny, 140 öýe zeper ýetendigini we 2 müňden gowrak malyň heläk bolandygyny mälim etdi.
Owganystanda gyş aýlarynda ýagan garyň howalaryň maýlamagy sebäpli eremegi, aşa köp ýagýan ýagyşlar we infrastrukturanyň ýeterlik bolmandygy sebäpli başdan geçirilýän sil apatlary adam ýitgileriniň we maddy zyýanyň çekilmegine sebäp bolýar.
Ýurtda her ýyl ýüzlerçe adam şol sebäpler bilen ýogalýar.