Owganystanyň Hökümet Başlygy Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Owganystanyň Hökümet Başlygy Serdar Berdimuhamedowy gutlady

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hassan Ahund Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

Hatda, hususan-da, şeýle diýilýär: Goňşy Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdim.Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny bu möhüm waka mynasybetli gutlaýaryn. Şeýle hem Türkmenistanyň häzirki Prezidenti — Siziň hormatly kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirendigi we Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de dostlukly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Şeýle-de Owganystanyň Hökümet Başlygy öz hatynda ýurduň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylalaşyklary we iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Maryly ýaşaýjylar owgan halkyna iberilen haýyr-sahawat ýardamlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkmen-owgan gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy göz üçin edildi çeşmeler
Merkezi Aziýa adam hukuklaryny düýpli bozýandygyna garamazdan, "Talyban" bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
Türkmenistan Owganystana gaz ugratmak planyny mälim etdi, Türkiýä gaz akdyrmagyny togtatdy