Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk hatyny ugratdy

Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk hatyny ugratdy

Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Alhaj Molla Mohammad Hassan Ahund ýurduň Hökümetiniň we halkynyň adyndan 2021-nji ýylyň dekabrynda Owganystana ugradylan ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, minnetdarlyk hatyny ugratdy. Bu hat Türkmenistanyň resmi metbugatynda penşenbe güni çap edildi.

“Häzirki kyn şertlerde dostlukly Türkmenistan tarapyndan nebitgaz, azyk we dokma önümlerinden ybarat şeýle giň möçberli kömegiň berilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, Mohammad Hasan Ahund minnetdarlyk hatynda aýtdy.

“Owganystan Yslam Emirliginiň döredilmeginden soňra iki goňşy döwletiň gatnaşyklarynda täze döwür başlandy” diýip, Ahund Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Kabul şäherine saparynyň hem-de türkmen wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 20-21-nji noýabrynda Hyrat şäherinde geçiren duşuşyklarynyň bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrandygyny aýtdy.

Şeýle-de Mohammad Hasan Ahund öz hatynda Owganystanyň bu duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge doly taýýardygyny ynandyrdy.

2021-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerini we azyk senagatynyň harytlaryny öz içine alýan 1 müň 200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýüklerden, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi Owganystana ugradylypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-owgan gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy göz üçin edildi çeşmeler
Maryly ýaşaýjylar owgan halkyna iberilen haýyr-sahawat ýardamlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar
Merkezi Aziýa adam hukuklaryny düýpli bozýandygyna garamazdan, "Talyban" bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär
Serhet çaknyşygynyň yz ýany, “Talyban” ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Owganystanyň Hökümet Başlygy Serdar Berdimuhamedowy gutlady