Owganystanyň ýokary derejeli wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gördi

Owganystanyň ýokary derejeli wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gördi

3-nji martda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdy-diýip, Türkmendeňizderýaýollary agentligi habar berdi.

Saparyň dowamynda wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, onuň terminallarynyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyş boldular.

Şeýle-de, myhmanlara üstaşyr ýükler üçin gümrük düzgüni tertibiniň artykmaçlyklary barada gürrüň berildi. Gümrük düzgünine laýyklykda ammarda üstaşyr ýükler 3 ýyla çenli gümrük paçlardan boşadylyp, üçünji taraplara eksport edilmegi üçin döredilen mümkinçilik barada içgin durlup geçildi.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda wekiliýetiniň ýolbaşçysy terminalyň sowadyjy konteýner ammary, esasan hem Owganystanyň eksport maksatly gök önümlerini we gury ir-iýmişlerini terminalyň ammarynda sowadyjy konteýnerde saklamak mümkinçiligi bilen içgin gyzyklandy. Şeýle hem myhmanlara sowadyjy konteýnerleriň saklanylýan ammar meýdançalary görkezildi.

Wekiliýet ýolbaşçysy Owganystan üçin ýük daşamalarynda 2 sany ileri tutulýan ugruň, ýagny Lapis Lazuli ulag-üstaşyr geçelgesi we Türkmenistanyň üsti bilen Russiýa Federasiýasy ugrynyň bardygyny belledi.

Şeýle-de saparyň dowamynda myhmanlara Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri we bu ýerde abatlaýyşda duran gämilerde alnyp barylýan işler görkezildi.

Porta saparyň ahyrynda wekilýetiň ýolbaşçysy tarapyndan Türkmenistanda deňiz ulag infrastrukturasy üçin edilen işlere ýokary baha berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana getirilýän we üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleri üçin tölegler kesgitlenildi
Türkmenistanyň ýük daşamalary geçen ýyl 28% ýokarlandy
Türkmenistana getirilýän we üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleri üçin tölegler kesgitlendi
Halkara ýük daşamalary üçin tölegler we ýygymlar kesgitlendi
Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýük awtoulaglary üçin täze tölegler bellenildi
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär