Ozon gatlagynyň goragynda

Hemra arkaly alnan maglumatlar Antarktidanyň üstündäki ozon deşiginiň gözegçiligiň bütin taryhynda iň ulularyň biri bolandygyny görkezdi. Onuň göwrümi Braziliýanyň meýdanyndan üç esse uly bolup çykdy. Sentýabr aýynda deşik 26 million inedördül kilometre ýetdi. Hünärmenler onuň ulalmagynyň dowam etmeginden howatyrlanýar – ozonyň tükenmeginiň ýokary derejesi, adatça, oktýabr aýynyň ortalaryna düşýär.

Ozon deşiginiň ululygy möwsüme görä üýtgeýär. Ol awgust aýynda, Günorta ýarym şarda ýaz düşen wagty ulalyp başlaýar we oktýabr aýynda ýokary derejesine ýetýär. Tomsuna (Antarktidada ol dekabr-fewral aýyna düşýär) deşik ýapylýar, sebäbi stratosferadaky temperatura ýokarlanýar we ozon gatlagynyň dargamagyna getirýän mehanizmler gowşap başlaýar.

Antarktidanyň üstündäki ozon gatlagynyň dargaýşy ilkinji gezek 1985-nji ýylda belli boldy. XX asyrda adamzat senagatda ozon gatlagyny dargadyjy maddalary işjeň ulandy we bu hem ýaramaz netijelere getirdi. Bu maddalar Monreal teswirnamasy tarapyndan gadagan edilenden soň, ýagdaý kem-kemden gowulaşyp başlady. Ýöne ozona adamlaryň häzirlikçe gözegçilik edip bilmeýän beýleki prosesleri hem täsir edýär.

Soňky üç ýylda ozon deşigi adatdakysyndan giç ýapyldy. Alymlar muny atmosfera ozony dargadyjy tüsseleri goýberen Awstraliýadaky tokaý ýangynlarynyň täsiri bilen baglanyşdyrdylar.

“Ozon deşigi 2023-nji ýylda möhletinden öň açyldy we haçan ýok boljakdygy entek belli däl. Bir wersiýa görä, munuň sebäbi Tonga wulkanynyň güýçli atylmagyndadyr. Ol atmosfera ummasyz suw buglaryny çykardy” diýip, “The Daily Mail” habar gullugy habar berýär.

Ýene degişli makalalar

10.01.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Türkmenistanyň Mejlisi halkara resminamalara goşulmak boýunça kararlar kabul etdi
Ozon gatlagy gaýtadan dikeldiler
Ozon dargadyjy maddalaryň ( ODM) we gidroftoruglerodlaryň (GFU) bikanun söwdasynyň öňüni almak boýunça ýörite okuw sapagy