Azatlygyň habarçysy we çeşmeleri Türkmenistanyň pagtaçylykdaky mejbury zähmeti noýabr aýynyň aýagynda hem, pul ýygnamak, bikanun paç almak görnüşinde dowam etdirýändigini, ýogsa indi gowaça meýdanlarynda ýygnalman galan pagtanyň düýpden ýokdugyny habar berýärler.
Balkan sebitindäki çeşmeler häkimiýetleriň pagta galmadyk gowaça meýdanlaryndaky hasyly soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin’, býujet edaralarynyň işgärlerinden mejbury-meýletin’ ýagdaýda pul ýygnamak talabynyň saklanyp galýandygyny habar berýärler.
Bereket, Gyzylarbat, Magtymguly etraplarynyň gowaça meýdanlarynda patalary ýygylmadyk gozalar däl, gowaçanyň çöpi hem galmady. Daýhan birleşikleriniň tas ählisinde gowaçadan boşan ýerleri doly sürüp, geljek ýylyň ekinine taýýarlamak işleri başlandy diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlar, hünärmenler mejbury zähmetiň’ pul ýygnamak görnüşinde dowam etdirilýändigini öňe sürdüler.
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, agzalan etraplarda mekdep mugallymlary, lukmanlar we beýleki saglyk işgärleri, jemagat hojalygynyň işçileri, pudak ýolbaşçylarynyň görkezýän basyşlary esasynda, pagta ýygymy üçin häzir, noýabryň soňky hepdesinde hem pul bermäge mejbur edilýär.
Adamlary iş bilen gorkuzmak 'gowy netije berýär'“Her hepde üçin 220 manatdan pul ýygnap alýarlar. Mekdep direktorynyň orunbasarynyň talap edilýän puly wagtynda bermedik mugallymlaryň sapagynyň arasyny bölüp, okuwçylaryň öňünde kemsidip, azgyrylyp, pagta ýygymy üçin pul sorap alýan wagtlary hem bolýar” diýip, magaryf işgäri aýtdy.
Onuň sözlerine görä, mugallymlaryň käbiri pagta ýygymynyň tamamlanandygyny aýdyp, pul bermekden ýüz öwürýär. Ýöne olary, hemişe bolşy ýaly, işden kowmak we başga iş tapmaz ýaly etmek haýbaty bilen gorkuzýarlar.
Bu aýdylýanlary Bereket etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň bir mugallymy hem tassyklady.
“Direktoryň orunbasarlary pul bermeýän mugallymlara öz islegiň bilen, arzaňy ýazyp işden çyk ýa-da häzir etrap bilim bölüminden topar çagyryp, başga işe ýerleşip bilmez ýaly, zerur bolan çäreleri göreris” diýýärler. Munuň açyk talaňçylykdan kän bir tapawudy ýok” diýip, özüni Maral diýip tanadan pedagog aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gowaça meýdanlarynda häzir gowaçanyň çöpi hem galmady we şüdügär sürümi başlandy.
Aýry-aýrylykda gürleşen adamlar pagta ýygymy üçin diýip ýygnalýan puluň näme harçlanýandygyny sorap hem bilmeýändiklerini, ýöne pagtanyň’ bikanun salgyt üçin bahana bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.
Şikaýat edenleriň özleri 'günäkär' edilýär“Diňe mekdep müdirleriniň orunbasarlary däl, saglyk edaralarynyň jogapkär işgärleri, beýleki pudak ýolbaşçylary hem, jenaýat topary ýa mafiýa ýaly hereket edýär. Olaryň üstünden hukuk toparlaryna şikaýat etmegiň hem peýdasy ýok, gaýta özüňi günäkär etmekleri mümkin” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şikaýat eden adamlary adatça Sen daşary ýurtlaryň agenti bolaýma? Belki, döwletimize garşy amerikanyň metbugatyna maglumat berýänsiň? Seni barlamaly bolduk, telefonyňy goýup git. Biz ony MHM-niň 7-nji bölümine tabşyryp, seni içgin öwrenmesek bolmaz’ diýip gorkuzýarlar.
Anonimlik şertinde gürleşen mugallymlaryň biri şikaýat edenleriň özleriniň güman astyna alynmagynyň, günäli tapylmak ähtimallygy baradaky gürrüňleriň gowy netije berýändigini’ aýtdy. Onuň pikiriçe, köp adam ýurtdaky reallyklary, hak-hukuklaryny talap eden raýatlaryň düşýän kyn ýagdaýlaryny gowy bilýär we ilki çydaman arza ýazan hem bolsa, soň derrew sag-aman gutulsam bolýar’ diýen netijä gelýär.
Ýerli synçylar ilatyň aglaba böleginiň ýurduň hukuk goraýjy edalarynyň işgärlerine düýpden diýen ýaly ynanmaýandyklaryny aýdýarlar. Emma Azatlyk bu mesele boýunça ýerinde barlag geçirip, häkimiýetlerden açyk düşündiriş alyp bilmeýär.
Şol bir wagtda, synçylar dürli derejelerdäki döwlet emeldarlarynyň paýtagtda we sebitlerde, etrap ýerlerinde kanunlary gowy bilmeýän ýa-da arz eden ýagdaýynda adalaty tapjagyna ynanaýan, ol ýa-da beýleki işini gyssagly bitirmäge çalyşýan adamlary gorkuzyp, bikanun paç almagynyň tas adaty bir ýagdaýa öwrülendigini’, prezidente ýazylan arzalaryň oňa baryp ýetmeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk bu ýagdaý barada prezident edarasyndan, beýleki degişli resmilerden düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.