Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.

Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar we kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär.Hususan-da, pagta hasylyny kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragy düşürilýär.

Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Welaýatlardaky umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyşa talabalaýyk taýýarlanylýar. Mundan başga-da, häkimler şu ýyl sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkimlere anyk görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär.Ekiş geçirilýän meýdanlara mineral dökünleri bermek işleri geçirilýär.Ekiş bilen birlikde, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny, Daşoguz welaýatynda ekişden öň ýerlere tagt suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalýan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda gije-gündiziň dowamynda kabul etmek hem-de hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem wise-premýer Daşoguz welaýatynda şaly oragyna girişilendigini habar berdi. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda şaly oragyna, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamaga başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi