Şu günler Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň işgärleri welaýatyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan täze pagta görnüşlerini döretmek boýunça işleri alyp barýarlar. Şu ýyl olar täze Daşoguz-11 we Daşoguz-12 pagta görnüşleri üçin tohumlarydyr ähli zerur resminamalary görnüş synagyndan geçirmek üçin ministrligiň degişli bölümine tabşyrdylar.
Bu görnüşler biziň öň döreden orta süýümli Daşoguz pagta görnüşleriniň hataryny dowam etdirýär diýip, Daşoguz welaýat şahamçasynyň başlygy Ç.Seýitmyradow aýdýar.Biz sebitde ösdürilip ýetişdirilýän pagtanyň hilini ýokarlandyrmaga we ýerli toprak-howa şertlerine iň laýyk gelýän ýokary hasylly görnüşleri döretmäge çalyşýarys.
Täze görnüşler hasyllylygy, süýümiň ösüşi we onuň hili boýunça has ýokary görkezijileri bilen tapawutlanar.Pagtaçylyk welaýatyň esasy oba hojalyk pudaklarynyň biridir.Döwlet taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu ýerde seçim işlerinden we tohum önümçiliginden başlap, öndürilen çig maldan taýýar önüm öndürmeklige çenli doly önümçilik zynjyry ýola goýlupdyr.
Sebitiň senagat mümkinçilikleriniň ýerli çig mallary gaýtadan işlemäge esaslanýan yzygiderli ösüşi netijesinde, häzirki wagtda birnäçe ýokary öndürijilikli pagta arassalaýjy zawod, şol sanda ýylda 40 müň tonna önüm öndürýän täze, döwrebap, pagta tohumyny gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen desga we Köneürgenç etrabynda bir wagtyň özünde 10 müň tonna çig pagtany saklamak üçin pagta kabulhanasy üstünlikli işleýär.
Welaýatda öz önümlerini içerki we daşarky bazarlara yzygiderli iberýän üç sany uly pagta egriji fabrika bar.Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bir bölegi bolan Çeper tikin fabrigi, steril sargylary öndürýän kärhana we pagtaçylyk pudagynyň önümlerini ulanýan birnäçe hususy kärhanalar bar.
