Pakistan ŞHG-niň 23-nji sammiti barada 50 sagatlyk habarlary teleýaýlymda görkezdi

Pakistan ŞHG-niň 23-nji sammiti barada 50 sagatlyk habarlary teleýaýlymda görkezdi

Pakistanyň Döwlet teleýaýlymy Yslamabatda geçen 23-nji ŞHG-niň sammitinden meşhur halkara gatnaşyklary, ykdysadyýet, syýasat we geoykdysadyýet boýunça seljerijileriň hem-de tejribeli alypbaryjylaryň gatnaşmagynda 50 sagatlyk gepleşikleri ýaýlyma berdi.

Döwlet telewideniýesiniň PTV News we PTV World ýaýlymlary Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işini Hökümet başlyklarynyň Yslamabada gelmeginden başlap, ähli tapgyrlarda alyp görkezdi. Daşary ýurt habar beriş serişdeleri PTV teleýaýlymynyň şeýle-de özlerine peýdalanmak üçin arassa wideoakymy (geçýän setirlersiz we kadrdan daşyndaky sessiz) elýeterli edendigini bellediler.

14-17-nji oktýabrda geçen sammite gurama agza ýurtlardan 1200-den gowrak daşary ýurt wekiliýetleri, şeýle hem 150-den gowrak habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu barada Daryo.uz ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ŞHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Haýsy ŞHG döwletleri türkmen gazyny satyn alýar?
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK