Pakistanda 17 adam ýol-ulag heläkçiliginiň pidasy boldy

Pakistanda 17 adam ýol-ulag heläkçiliginiň pidasy boldy

Pakistanda bolan iri ýol-ulag hadysasynda 17 adam pida boldy, 41 adam şikes aldy. Bu barada Report.az neşiri habar berýär.

Tatta şäherinden bolan 70 sany zyýaratçy ýurduň günorta-günbataryndaky musulmanlaryň sufileriň Şa Nurani ybadathanasyna zyýarata barýan eken. Ýol-ulag hadysasy ýurduň Bulujystan ülkesiniň Hab etrabynda boldy, sürüji ulagy dolandyryp bilmedi, awtobus jülgä gaçdy.

Ýaralylar hassahana eltildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
22.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
05.04.2018 | 2017-nji ýylyň ýylýazgysy: saglygy goraýyş