Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 5 adam ýogaldy

Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 5 adam ýogaldy

Dawn atly internet saýtda berilen habarlara görä Pakistanyň Sebitleýin Apat dolanşygy edarasynyň mesele bilen bagly beren beýanatynda, Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň käbir ýerlerinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli öýleriň üçekleriniň çökendigi, sil apatlarynyň emele gelendigi we käbir ýollaryň ýapylandygy mälim edildi.

Beýanatda welaýatyň Şangla sebitinde 3 çaga, Bajaur sebitinde bolsa 1 çaga we 1 uly adam aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda we beýleki tebigy hadysalarda ýogalandygy habar berildi.

Welaýatda sil apatlarynyň bolmagy we öýleriň üçekleriniň çökmegi netijesinde 5-si çaga jemi 8 adamyň ýaralanandygy, sil apatynda şeýle hem 2 çaganyň dereksiz ýitendigi aýan edildi.

Resmiler howpsuzlyk çäreleriniň çäginde sebitdäki käbir ýollaryň ýapylandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Pakistanda guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Pakistanda Metjidiň Golaýynda Guralan Hüjümde 34 Adam Ýogaldy
Berdimuhamedow TOPH-y ätiýaçlandyrmakçy bolýar
TOPH-yň ýolbaşçysy taslamanyň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlanjakdygyny aýtdy, ýöne muňa ozal başlanmanmydy?