Pakistanda Imran Hanyň ýolbaşçylyyndaky hökümet ýatyryldy

Pakistanda Imran Hanyň ýolbaşçylyyndaky hökümet ýatyryldy

Ynam bildirmezlik wotumynda Premýer ministr Imran Hanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet, 174 garşy ses almak bilen hökümet ýatyryldy.

Imran Han Pakistanda ynam bildirmezlik wotumy bilen wezipesinden çetleşdirilen ilkinji Premýer ministr boldy.

Imran Han oppozisiýanyň hökümedi ýatyrmak bilen bagly başlangyçlarynyň arkasynda ABŞ-nyň bardygyny belläp: "Parlamentiň birnäçe agzasy birnäçe aý ozal ABŞ-nyň Yslamabad şäherindäki ilçihanasyna bardy we ol ýerde özlerine Premýer ministr Hana garşy ynam bildirmezlik wotumynyň geçirilip bilinjekdigi beýan edildi" diýip habar berdi.

Han Pakistanda import edilen bir hökümedi asla kabul etmejekdiklerini belläp, 10-njy aprel güni agşam ähli adamlara köçelere çykmak barada çagyryş beripdi.

Konstitutsion Kazyýet 7-nji aprelde kabul eden karary bilen Premýer ministr Hana garşy ynam bildirmezlik wotumynyň geçirilmeginiň öňüni açypdy.

Hanyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň ýatyrylmagyndan soň ertir täze Premýer ministr saýlanar.

Ýene degişli makalalar

Pakistanyň Ozalky Premýer-ministri Imran Han Tussag Edildi
Pakistanda Imran Hana Garşy Guralan Hüjümden Soň Protest Ýörişleri Başlady
Pakistanyň Ozalky Içeri Işler Ministri Saklandy
Türkiýe, Pakistanyň Ozalky Premýer-ministrine Garşy Guralan Hüjümi Ýazgardy
ABŞ, Pakistanyň Ozalky Premýer-ministrine Guralan Hüjümi Ýazgardy
Şerifiň,Hindistan Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýäris diýmegi
Imran Han möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi barada çagyryş berdi