Pakistanda Terrorçylar Bilen Bolan Çaknyşykda 10 Esger Ýogaldy

Pakistanda Terrorçylar Bilen Bolan Çaknyşykda 10 Esger Ýogaldy

Pakistanda terrorçylar bilen bolan iki çaknyşykda 10 esger bilen asuda ilatdan 5 adam ýogaldy.

Haýber Pahtunhwa sebitinde terrorçylar bilen bolan iki çaknyşykda 10 esger ýogaldy, 13 terrorçy howpsuzlyk güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Pakistanyň harby goşunyndan berlen beýannamada, 10 adamlyk terrorçy toparyň Bannu sebitinde ýerleşýän harby merkeze hüjüm edendigi nygtaldy.

Beýannamada ilkinji hüjümde harby merkeziň diwarynyň ýykylandygy we 8 esgeriň ýogalandygy nygtaldy.

Hüjümden soň geçirlen operasiýada 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Dera İsmail Han sebitinde ýerleşýän saglygy goraýyş merkezine guralan ikinji hüjümde bolsa 2-si saglygy goraýyş işgäri bolmak bilen asuda ilatdan 5 adamyň we 2 esgeriň ýogalandygy bellenildi.

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Stambulda polis gullukçylaryna guralan hüjüminden soň üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Buşehr atom bekedi ABŞ bilen Ysraýylyň guran bilelikdäki hüjüminde nyşana alyndy
Russiýa gije guralan uly göwrümli hüjümde 300-e golaý ukrain dronuny urup düşürendigini beýan edýär
Terror guramasy ÝPG, Siriýanyň Halap şäherindäki harby merkezlere dron hüjümini gurady
Damaskda Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan partlamada 1 esger ýogaldy
Pezeşkiýan Russiýanyň we Pakistanyň lideri bilen söweşiň bes edilmegi barada pikir alyşdy
ABŞ Eýranyň Harg Adasyna bombaly hüjüm gurady