Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda

Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda

Halkara atom energiýasy gullugynyň Başlygy Rafael Mariano Grossi Pakistanyň atom energiýa desgalarynyň howpsuzlygynyň “dünýä standartlaryndadygyny” aýtdy.

“Geo Nýus” teleýaýlymynyň habar bermegine görä Pakistana ilkinji resmi saparyny guran Grossi, paýtagt Yslamabatda guralan maslahatda beýannama berdi.

“Pakistanyň atom energiýa beketleriniň howpsuzlygy dünýä standartlarynda” diýen Grossi, ýurtda täze atom energiýa beketleriniň gurulmagy üçin güýçli syýasy goldawyň bardygyny beýan etdi.

Grossi saparynda Premýer-ministr Şahbaz Şarif we Daşary işler ministri Bilawal Butto Zardari bilen duşuşypdy. Duşuşykda Halkara atom energiýa gullugy bilen Palistanyň arasyndaky saglygy goraýyş, oba hojalyk, senagat, ýadro lukmançylyk we energiýa beketleri boýunça hyzmatdaşlyk ugurlary seljerilipdi.

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg Ertir Türkiýä Sapara Geler
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy
HAEG Türkiýä Lukmançylyk Enjam Kömegini Berdi
Çawuşogly Duşuşyga Togg Bilen Gitdi
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi