Pakistanyň Federal nebit ministri bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün 24-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi.

Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
9-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Pariž ― 2024-iň suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryna Türkmenistandan iki türgen gatnaşar
Sebitde Başdan Geçirilýän Meseleleriň Sebäpkari Terror Guramasy PKK
Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna türkmen ýüzüjileri gatnaşarlar
Talyp türgenler Olimpiýa oýunlarynda