Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär

Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär

ABŞ-nyň çar tarapyndan ýokary okuw jaýlarynda geçirlen Palestina goldaw ýörişlerinde 2 müň 500 adam saklandy.

Foks Nýus teleýaýlymy 18-nji aprelden bäri ýokary okuw jaýlarynda geçirilýän Palestina goldaw ýörişlerinde saklananlaryň sanynyň 2 müň 500 adama ýetendigini habar berdi.

ABŞ-da ýokary okuw jaýlarynda geljek hepde geçiriljek gutardyş çärelerine garamazdan Palestina goldaw ýörişleriniň dowam etmegine garaşylýar.

Palestina goldaw ýörişleri ýurduň çar tarapynda hepdäniň ahyrynda hem dowam etdi.

Çikago şäherindäki De Pola uniwersitetidne düýn Palestina goldaw berýän talyplar bilen garşydaş toparyň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Wiržinýa uniwersitetinde şenbe güni geçirlen ýörişde Palestina goldaw berýän 25 adam saklandy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
BMG-niň gullugynyň başlygy Günbatar Şerianyň uruş zolagyna öwrülendigini duýdurdy
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Hamas Gaga Toparynyň Ysraýylyň basyp alyşyny bes etmek üçin möhümdigini beýan etdi
Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy
Palestinadaky wakalar türkmenistanlylaryň arasynda köp gürrüň edilýän temalaryň birine öwrülýär