Parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan maslahat

Parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan maslahat

Düýn 11-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamalaryň ýüze çykýan düşünişmezlikleri syýasy-diplomatik gurallar arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmäge ýardam etmäge, şol bir wagtda döwletleriň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde bilelikdäki tagallalaryň çäklerinde Türkmenistan we ÝHHG tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda beýik şahyryň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy.

Çykyş edenler Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň işjeň ornuna oňyn baha berip, häzirki döwürde bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Berkarar döwletiň ylham joşguny atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Reňkleri dillendiren ussat
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary