Paralimpiýaçy türgenler sylaglandy

Paralimpiýaçy türgenler sylaglandy

Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda Bütindünýä saglyk gününde halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Şol gün sportuň paralimpiýa görnüşi boýunça üstünlikli çykyş eden türgenler Hojaýew Muhammet, Matýakubowa Roza, Çaryýew Işkuwwat, Saparow Baýramgeldi daga hem sylaglar gowşuryldy.

Olar şu ýylyň 25-nji fewraly — 8-nji marty aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan üstünlikli çykyş etdiler.Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar.

Sylaglara eýe bolan türgenler ýadygärlik surata düşüp, halkara ýaryşlarda gazanylan ýeňişleriň hormatyna ýaryş meýdançasyndan dabaraly ýöräp geçdiler.

Sylaglanyş dabarasynyň ahyrynda sungat ussatlarynyň konserti, türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlary guraldy.

Ýene degişli makalalar

8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmeniň saýrak bilbili
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar
Meksikada Otis tupany sebäpli 27 adam ýogaldy
Meksikadaky tupanda ýogalan adamlaryň sany artdy
Türkiýe: Ykdysady krizis we migrasiýa syýasatynda jemgyýetçilik meýliniň üýtgemegi