ÝuNESKO-nyň Pariždäki edarasynda geçirilýän suw meseleleri boýunça Halkara maslahatda ýurdumyzyň Suw hojalygy döwlet komiteiniň başlygy A. Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Türkmenistana wekilçilik edýär.
Suw serişdelerini dolandyrmaklyga edaraara çemeleşmeleri işläp taýýarlamak, bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, suwdan rejeli peýdalanmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem bu mesele boýunça halkara maksatnamalarynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin ýurtlara maslahatlar kömegini bermek -- forumyň maksadydyr.
Duşuşyga ýurtlaryň ellä golaýynyň wekilýetleri, abraýly halkara guramalarynyň, iri kompaniýalaryň baştutanlary we wekilleri, bu ugurdan işleýän alymlardyr bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdelriniň wekilleri gatnaşýarlar. Maslahaty ÝuNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule gutlag sözi bilen açdy.
Forumyň ministrler maslahatynda Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komiteiniň başlygy Annageldi Ýazmyradow çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suw diplomatiýasynyň ugurlary we halkara başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Suw tematikasynyň tebigy serişdeleri goramak we olardan rejeli peýdalanmak ulgamynda türkmen Lideriniň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygy bellenildi.
Ýygnananlar bu ugurdaky iri taslamar, şeýle hem Türkmenistanyň AHEHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerindäki işleri we Aral deňziniň töwereginiň suw hojalygy, ekologiýa we durmuş-ykdysdady meselelerini çözmäge gönükdirilen ADTM-4 Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge goşandy bilen tanyşdyryldy.
Foruma gatnaşyjylar Garagum çölünde özboluşly gidrotehniki desganyň “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy we onuň töweregindäki ýerlerde durmuş-ykdysady düzümleriň ösdürilişi hakyndaky maglumaty üns bilen diňlediler. Gurak zolakda suwarymly ekarançylykda baý tejribe toplan ýurdumyzyň suwdan peýdalanmaga toplumlaýyn, ylmy taýdan delillendirilen esasda çemeleşýändigi nygtaldy.
