“Pariž Masters”-iň ussady Sinner

Tennis boýunça erkekleriň arasynda geçirilen möwsümiň iň soňky “Masters” ýaryşynda italiýaly Ýannik Sinner ýeňiji boldy.Ol “Pariž Masters” ýaryşynyň finalynda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4 we 7:6 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. 53-nji gezek geçirilen ýaryşda ol ilkinji çempionlygyny gazandy.

Bu onuň 5-nji “Masters” çempionlygy bolup, ol şu ýylyň dowamynda finala çykan 9 ýaryşynyň 5-sinde kubogy eýeledi.Bu çempionlykdan soň sanawyň 1-nji basgançagyna gaýdyp gelen 24 ýaşyndaky Sinner karýerasy boýunça 24-nji kubogyny asmana göterdi.

25 ýaşyndaky Ože-Alýassim bolsa şu ýyl finala çykan 5-nji ýaryşynda 2-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Monrealdaky Mastersde XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy
Pariždäki ilkinji çempionlygy
Möwsümi super jemledi