Parižde türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

Parižde türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty IRIS-iň maslahatlar zalynda “Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler” atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Maslahat “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz edilmegine bagyşlandy.

Maslahata iki ýurduň diplomatik, ylmy we medeni guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň, akademiki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde durnuklylygy pugtalandyrýan möhüm faktor bolup çykyş edýändigini nygtadylar. Şeýle-de ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň kämilleşdirilmegi, ýaşyl energetika we metan zyňyndylarynyň gözegçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada kitaplar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna degişli neşirler görkezilen giňişleýin sergi gurnaldy.

2025-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe möhüm hökümetara ylalaşyklara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda alyjylar we bazar administrasiýasy sygyr etiniň bahasynyň üstünde dawalaşdy
Dünýä 2025-nji ýyla "Hoş geldiň" diýdi
Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýada ikitaraplaýyn gepleşik geçirýär
Diňle: Berdimuhamedowyň Pariž sapary Türkmenistanyň täze daşary syýasat meýillerine gabat gelýär Pannier
Berdimuhamedowyň Pariž sapary Türkmenistanyň täze daşary syýasat meýillerine gabat gelýär Pannier