Parlament täze hökümete ses berdi

15-nji sentýabrda Latwiýanyň kanun çykaryjylary üç koalisiýa hyzmatdaşy “Täze Agzybirlik” partiýasy,”Ýaşyl we daýhanlar bileleşigi” we “Ösüş” partiýasy tarapyndan döredilen täze hökümeti makullap ses berdiler. Üç koalisiýa partiýasy 100 orunlyk parlamentde sähelçe köplüge eýe.

“Täze Agzybirlik” partiýasy ýedi ministr portfelini we öňki durmuş üpjünçiligi ministri Ewika Silinanyň eýeleýän Premýer-ministr wezipesine eýe boldy.

Latwiýanyň öňki Premýer-ministri Krişýanis Karinş, ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanan Edgars Rinkewisiň ornuna daşary işler ministri wezipesine bellendi.

“Ýaşyllar we daýhanlar birleşigi” birnäçe ýyldan soň, hökümet koalisiýasyna goşuldy we dört ministr portfeline eýe boldy. “Ösüş” partiýasy üç ministrlige ýolbaşçylyk eder.

Ýene degişli makalalar

Polşanyň Prezidenti Russiýa reaksiýa bildirdi
Rinkewiç Latwiýanyň prezidenti wezipesine girişdi
Salam, Dogan! Aýal-gyzlaryň saýlap-seçmek hakyna kim, näme üçin dawa salýar?
Rigada geçiriljek Hokkeý boýunça Dünýä çempionatynyň medallary tanyşdyryldy
Awstraliýada 35 kilogramdan gowrak ýüňli ýabany goýun halas edildi
Gaýtadan ekranlaşdyryljak filmde Şwarsenegger surata düşmez