Paryzdepe ýadygärliginiň dag eteklerinde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy

Paryzdepe ýadygärliginiň dag eteklerinde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ylmy ýolbaşçylygynda ýurduň ähli welaýatlarynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri üstünlikli dowam edýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde geçirilen arheologik gözlegleriň netijesinde, ýadygärligiň dag eteklerinde üýtgeşik käriziň üstünden baryldy.Gadymy Kärizek obasyny suw bilen üpjün eden kärizler toplumyndan şunuň ýaly seýrek gurluşyň ýüze çykarylmagy kärizleriň bu gurluş usulynyň Ahal welaýatynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnendigini subut edýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň "Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň" ýerine ýetirilişi baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet" täze ajaýyp eserinden ruhlanyp, türkmen hünärmenleri we alymlary degişli işleriň ýaz möwsümine girişdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti täze doglan taýçanaga Ylham diýip at goýdy
Serdar Berdimuhamedow kärizek üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkezine baryp, maslahat geçirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow üzümiň täze döredilen görnüşine Kärizek diýip at dakdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XII MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY (AŞGABAT ŞÄHERI, 2022-NJI ÝYLYŇ 20-NJI APRELI)