Patruşew: YD jeňçileri Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmegi planlaşdyrýarlar

Patruşew: YD jeňçileri Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmegi planlaşdyrýarlar

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň jeňçileriniň Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ornaşyp, Merkezi Aziýa hüjüm etmäge taýýarlyk görýändiklerini aýtdy.Bu barada rus habar gulluklary maglumat berýärler. “YD jeňçileri Owganystanyň demirgazygynda ornaşmak ugrunda tagalla edýärler.

Olaryň 2 müňden gowragy Talybana’ garşy durmak, şeýle-de Täjigistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmäge şertleri döretmek ugrunda hereket edýärler” diýip, Patruşew Tähranda Owganystana bagyşlanyp geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş etdi. 18-nji dekabrda Tähranda II Regional howpsuzlyk dialogy atly maslahat geçirildi.

Oňa Russiýanyň, Hytayýň, Hindistanyň, Eýranyň, Owganystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri gatnaşdy.Maslahatda eden çykyşynda Patruşew “dürli çaklamalara görä, Owganystanda ýerleşýän YD jeňçileriniň sanynyň 2500 4000 adam aralygyndadygyny” aýtdy. “Hökümet güýçleri tarapyndan amala aşyrylan üstünlikli operasiýalara garamazdan, YD agzalarynyň Owganystandaky umumy sany 2500 we 4000 adam aralygyndadyr” diýip, Patruşew çykyş etdi.

Ol hökümet güýçleriniň jeňçilere garşy amala aşyran hüjümlerinde 600-den gowrak jeňçiniň ele salnandygyny ýa-da ýok edilendigini aýtdy.Patruşewiň ynanjyna görä, YD jeňçileriniň baş maksady Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerini birleşdirmek we Uly Horasan diýilýänini döretmek bolup durýar.

Maglumat üiçn aýdylsa, “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň Owganystandaky şahamçasy 2014-nji ýylda “Yslam döwleti Horasan” (YD H) adyny alypdy.Patruşew YD toparynyň howpsuzlyk gulluklary, diplomatik missiýalar, daşary ýurt raýatlary we möhüm infrastrukturalar bilen bagly desgalary nyşana alyp biljekdigini öňe sürdi.

Eýranyň metbugatyna görä, Eýranyň milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ali Şamkani maslahatda eden çykyşynda YD jeňçileriniň Owganystana Siriýadan we Yrakdan gelip ýerleşendigini hem-de munuň bilen olaryň Merkezi Aziýa ýurdunda we onuň goňşularynda terror aktlaryny planlaşdyrmagy, gurnamagy we amala aşyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Nikolaý Patruşew gündogar Owganystandaky YD jeňçileriniň sanynyň 1500-den gowrakdygyny aýtdy hem-de olaryň Pakistanyň üsti bilen Owganystana geçendigini aýtdy.Türkmenistanyň howpsuzlyk edaralary ýa-da daşary işler ministrligi YD döwleti bilen bagly öňe sürülýän wehimler boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Rus resmileri Owganystanyň demirgazygyndaky jeňçileriň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, şol sanda Türkmenistana ýa-da Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlara abandyrýan howpsuzlyk wehimleri barada ilkinji gezek çykyş etmeýär.Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda rus resmileriniň agzalýan çykyşlary barha ýygjamlaşdy. Ýatlasak, sentýabryň aýagynda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ştab ýolbaşçysy Andreý Sidorow Owganystanda YD toparynyň jeňçileriniň sanynyň 4 müňden aşýandygyny aýtdy hem-de olaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryna wehim salýandygyny duýdurdy.

Sidorowyň sözlerine görä, Türkmenistan bilen Täjigistanyň öz çäginde owgan terror düzümleri bilen aragatnaşyk saklaýan 400 töweregi ýaşyryn öýjük bar.Bu sanlary türkmen resmileri şu wagta çenli tassyklap ýa-da inkär edip çykyş etmedi. Ýöne russiýaly resmileriň YD jeňçileriniň Owganystandaky sany boýunça berýän maglumatlary, synçylaryň aýtmagyna görä, 2 müň adam we 10 müň adam aralygynda üýtgeýär.

Maýda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) başlygy Aleksandr Bortnikow Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän demirgazyk Owganystandaky YD jeňçileriniň sanynyň 5 müň adam töweregindedigini aýtdy.Owganystandaky YD-niň Täjigistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa aralaşmagy planlaşdyrýandygyny aýdan Nikalý Patruşew Wladimir Putiniň yzýany 1999-2008-nji ýyllar aralygynda Russiýanyň Federal howpsuzlygy gullugynyň (FSB) direktory boldy.

Ol häzirki wagtda Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarydyr.

Ýene degişli makalalar

Patruşew: YD jeňçileri Türkmenistanyň we Täjigistanyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmegi planlaşdyrýarlar
Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Wezipesinden Boşadyldy
RF-nyň Howpsuzlyk geňeşi N.Patruşewiň Türkmenistana saparyna düşündiriş bermeýär
Orsýetiň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada gizlin barandygy aýdylýar
Orsýetiň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada gizlin barandygy aýdylýar
Türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk güýçlendirildi, serhediň türkmen tarapynda russiýaly harbylar peýda boldy