Paýhas damjalary

KebelekPile üýtgewsiz halda gymyldaman ýatyrdy.Birdenem, onda kiçijik deşik peýda bolýar.Atanlykda, ol ýerden geçip barýan adam aýak çekip, pilede näme bolup geçýänligini bilmek üçin ony synlamaga durýar.

Ol uzak wagtlap garaşýar, çünki bu kiçijik deşijekden kebelek çykmaga dyrjaşýardy.Köp wagt geçýär, ýöne indi kebelek erjellik görkezmegini bes edene çalym edýärdi, deşik bolsa, şol kiçijikligine galypdy.

Kebelek näçe urunsa-da bolmaýar we indi onuň başga edip biljek zady ýokdy.Bu ahwaly synlap duran adam kebelege kömek etmeli diýen karara gelýär, ol çakgyjygyny çykaryp, piläni kesýär.

Kebelek şobada daşyna çykýar. Ýöne onuň bedenjigi ejizdi, güýçsüzdi, onuň ganatjyklary heniz ösüp ýetişmedikdi, zordan hereket edýärdi.Adam şol seredip durşuna “Ine, häzir kebelegiň ganaty ýaýylyp açylar-da uçmaga başlar” diýip, öz ýanyndan oýlanýardy.Ýöne beýle zatlar bolmaýar, kebelek heniz açylmadyk ganatjyklary bilen birlikde, ejizje bedenjigini ýere berýär. Şeýlelikde, ol uçup bilmeýär.

Emele gelen ýagdaýa kebelegiň piledäki kiçijik deşikden çykmagy üçin tagalla etmeginiň zerurlygyna düşünmän, adamyň oňa etjek bolan kömegi sebäp bolýar.Onuň diňe özüniň bar güýjüni jemläp, kuwwatlanmagy, berkemegi, piläniň diwarjyklaryny ýumurmagy we uçup gitmegi gerekdi.Bize-de durmuşda käwagt tagalla we güýç zerur bolýar.

Eger-de kynçylyklara gabat gelmän ýaşamaga ýol berlen bolsa, onda köp zat biziň nesibämizden çykmazdy.Onda biz häzirkimiz ýaly güýçli hem bolmazdyk.Onda biz hiç haçan uçubam bilmezdik.

Ülje agajyBir sapar Hing Şiniň ýanyna aljyraňňy halda bir bagban gelip, akyldara öz başyndan geçirýän ahwalatlary barada gürrüň berýär: Halypa, dogrusy boýun almaga çekinýänem welin, men gaty gabanjaň.

Men aýalymyň maňa wepalydygyny, arly-namyslydygyny bilsemem, hemişe diýen ýaly gabanjaňlykdan ejir çekýärin.Hatda, müňkür bolýan garşydaşlarym we olaryň pirimleri düýşüme girip ugrady.Aýtsaňyzlaň, eýsem, bu dertden nädip halas bolmaly?!Hing Şi biraz pikir edip, şeýle diýipdir: Men günortada ýaşan hem-de oňa hasylly ülje agaçlary miras galan bir adam barada eşidipdim.

Bahar gelende daragtlaryň ýaýraň şahalary şeýle bir gülläpdir welin, bir enaýy gülýaprajyklary daş-töwerege misli haly ýaly düşelipdir.Adam öz bagyna yhlas bilen ideg edipdir, suwarypdyr, agaçlaryň düýbüni depipdir, daşyna berk germew aýlapdyr we her ýyl bol hasyl ýygnapdyr.

Bu ýagdaý bir gün onuň ýanyna ýaramaz bir adam gelip, “Seniň nähili üýtgeşik bagy-bossanyň bar, ýöne haýp, oňa gijelerine ogrular girýär” diýýänçä dowam edipdir. Şeýlelikde, şol erbet adam bagbanyň göwnüni çökerip, ol ýerden garasyny saýlapdyr. Şol günden başlabam o görgüliniň rahatlygy we ukusy bozulypdyr.

Ol gijelerine ogra garaşyp, bagyny garawullapdyr, gijeki surnukdyryjy hüşgärligi zerarly gündizlerine agyr uka gidipdir.Birnäçe wagtdan soň, indi hiç kimiň ideg etmeýän, suwarmaýan agaçlary gurap ugrapdyr, onuň daşyna aýlanan germewlerem dagap başlapdyr.

Hawa, bagda bolsa, gijelerine ülje miwesiniň tagamyny bireýýäm unudan şol was-was bagban ozalkysy ýaly garawullap galyberipdir.

KämillikGadym zamanlarda hytaý täjirleriniň biri üsti bassyrmaly agaç sekiniň üstünde kitap okap oturan eken.Aşakda bolsa, tigir ussasy onuň paýtunyny bejerýän eken.Täjir okap oturan kitabyny bir gyra goýup, goja ussanyň hereketlerini synlamaga durupdyr, soňra bolsa ondan: Sen näme üçin garry halyňa tigri bir özüň bejerýäň?

Hany, sende kömekçi ýokmy?diýip sorapdyr.Ussa şeýle jogap beripdir: Sen mamla.Dogrusy, men öz kesbi-kärimi ogullaryma hem öwretdim, ýöne ussatlygymy welin, olara geçirmegi başarmadym. Çünki bu iş örän jogapkärçilikli bolup, çynlakaý çemeleşmegi talap edýär.Täjir: Görýän welin, sen çuňňur pikir ýöredýärsiň öýdýän.

Sen öz pikiriňi ýönekeýräk düşündirsene!Täjiriň gabarýandygyny duýan goja rahat dillenipdir: Gaharlanmaň, men häzir öz pikirimi size düşündireýin.Bilýän bolsaňyz, meň ogullam, oňat tigir ýasaýarlar, ýöne olar bu işde heniz kämillige ýetmediler.

Men şeýle derejä ýetdim, ýöne öz tejribämi nädip olara geçirmeli?!Ine, bu ýerde diňe altyn ortalygy tapmaly.Eger-de tigri berk etsek, onda ol agyr hem-de gelşiksiz bolar.

Eger-de ony nepis etmäge jan etsek, onda ol ygtybarsyz bolar.Hany, onda meniň ulanýan çägim, ölçegim.Ol meniň içimde, men ony bilýän.Ine, muňa bolsa ussatlyk diýýärler, ýöne ony başgalara nädip geçirmeli?

Seniň paýtunyň tigri bolsa, birwagtyň özünde nepis hem-de mäkäm bolmaly.Edil seniň okap oturan eseriň çeperligi ýaly meniňem bir özümiň etmeli işlerim-ä şulardan ybarat.Kitaby birnäçe asyr mundan öň ýazan ussat aňrybaş kämillige ýetipdir, ýöne ol kämilligi başgalara bolşy-bolşy ýaly geçirip gitmändir.

Iki çeşmeEne-atasy bilen tokaýda gezelenç edip ýören bäş ýaşlyja oglanjyk arassa çeşmä gözi düşýär.Ol arassa suwdan aýasyny dolduryp içýär, soňra bolsa göwnüni açmak üçin eline taýajyk alyp, çeşmäniň suwuny bulandyrmaga durýar. Çeşmäniň düýbi laý bolanlygy üçin, suw derrew bulanyp, düýbüne çöken ýapraklar we beýleki galyndylar suwuň ýüzüne çykýar. Ýaňky dup-dury suw şobada içmek üçin ýaramsyz bolýar.

Körpejik çeşmäniň hapa suwuna uzak seredesi gelmän, elindäki taýajygyny suwa taşlap, ejesiniň ýanyna gaçmak bilen bolýar.Şol wagt alys ýerlerdäki daglaryň birinde başga bir oglanjyk dag çeşmesiniň gyrasynda oýnap ýören eken.

Olam elindäki taýajygy bilen suwy bulandyrmakçy bolýar. Ýöne çeşmäniň düýbi daşlyk bolanlygy üçin onuň bu pikiri başa barmaýar, tersine elindäki taýajyk çydaman döwülýär. Şeýlelikde, dag çeşmesi ozalkysy ýaly durulygyna galýar.Pikir edip görseň, käbir adamlar hem daşyndan seredeniňde, edil arassa çeşme ýaly päk, açykgöwünli, rehimdar bolup görünýärler. Ýöne şeýle adamlary atanlykda ynjydaýsaň welin, ýüreginiň teýindäki şübhe, maýdaçyllyk, tekepbirlik, köne öýkeleri edil çeşmäniň suwotulary we taşlandylary ýaly derrew ýüzüne çykýar.

Aşyk ýigit we kesirje gyzKiçijik obalaryň birinde ýaş ýigit ýaşapdyr.Ol bu jelegaýlaryň iň owadan gyzyna ýürekden aşyk bolupdyr, ýöne gyz onuň söýgüsine hiç hili jogap bermändir.

Ol gyz bu töwereklerde ýaşaýan ähli ýigitleri husny-jemaly bilen özüne bendi edip, özüniň gözelligine juda buýsanýan eken.Ýigit güýçli, batyr urşujy bolmagy ýüregine düwüpdir.Ol geýnüwli, gujurly urşujyny görse gyz özüni söýer öýdüpdir.

Ol şähere gidipdir, başa-baş söweş sungaty boýunça ussatlardan tälim alypdyr. Ýigit bu ugurda özgelerden tapawutlanyp, gahryman hökmünde öz dogduk depesine dolanyp gelipdir. Ýöne gyz oňa tarap seretmändirem. Şeýlelikde, gyzyň göwnünden turan tapylmandyr.Lapykeç bolan ýigit baýamagyň ugruna çykypdyr, şonda gyz gymmatbahaly sowgatlaryň öňünde durup bilmez öýdüpdir.

Ol baý bir täjiriň hyzmatynda bolup, ondan söwda-satyk işleriniň inçe tilsimlerini öwrenipdir.Bahym onuň söwdasy ugruna bolupdyr hem-de baýap öz dogduk diýaryna dolanypdyr. Ýöne onuň sowgatlary gyzy geň galdyrmandyr. Şondan soň söýgüsi şowuna bolmadyk ýigit akyldar bolmagyň kül-külüne düşüpdir.

Ol ähli baýlygyny ýakynlaryna goýup, akyl-paýhasyň gözlegine çykýar.Ol dagda ýeke özi ýaşaýan danadan birnäçe ýyl tälim alyp, kämillige ýetenden soň, öz obasyna dolanýar. Ýöne ol näzenin tarapa seretmän, özgeler bilen pähim-paýhasyny paýlaşyp, rahat durmuşda ýaşamaga başlaýar.Wagt geçipdir, ähli teklibi öz gözelligine mynasyp saýmaýan şol gyz henizem durmuşa çykmandyr. Ýöne günleriň akymy birehim bolup, her dogýan täze günüň gözelligini soldurýandygyny oňa aýnada görkezipdir.

Indi oňa hiç kim öýlenmegem islemändir, adamlar onuň hetdenaşa gedemliginden we ulumsylygyndan üýşenipdirler.Ençeme ýyllardan soň eýýäm gartaşan, ozalky gözelliginden nam-nyşan galmadyk şol zenan akyldaryň ýanyna gelip, ondan özüne öýlenip öýlenmejegini sorapdyr.

Akyldar razy bolupdyr.Adamlaryň muňa gahary gelip: Sen, näme üçin özüňe erbetlik eden, birwagtlar seni kyn ýagdaýda goýan igenjeň garry zenana öýlenýärsiň diýipdirler. Men bu işde diňe gowulyk görýärin, eger-de ol bolmadyk bolsa, men häzirki ýeten derejämiň ýarysyna-da ýetip bilmezdim ahyryn diýip, akyldar ýylgyrypdyr.

Parasatly samuraýÝaponiýada paýtagtdan onçakly uzakda bolmadyk bir obada bir garry samuraý ýaşapdyr.Bir sapar ol öz şägirtleri bilen başa-baş söweş sungaty boýunça sapak geçip durka, onuň ýanyna gödekligi hem-de zabunlygy bilen ýakasyny tanadan ýaş urşujy gelipdir.

Onuň has gowy görýän täri öjükdirmek bolupdyr.Ol garşydaşynyň göwnüne degipdir, olam gahar-gazaba münüp, başa-baş söweşe girişipdir.Netijede yzly-yzyna ýalňyşlyk goýberip, uruşda ýeňlipdir.Şeýlelikde, ýaş urşujy garrynyň göwnüni syndyrmaga durupdyr.

Ol oňa tarap daş zyňypdyr, tüýküripdir, iň soňkusyndan paýyş sözleri aýdypdyr. Ýöne garry asudalygyny saklapdyr hem-de türgenleşik sapaklaryny dowam etdiripdir.Ahyrsoňy jany ýanan urşujy ol ýerden gaharly gidipdir.

Birgiden göwne degilmelere çydam eden garra geň galan şägirtleri ondan: Näme üçin, siz ony başa-baş söweşe çagyrmadyňyz? Ýa-da ýeňilerin öýtdüňizmi?diýip sorapdyrlar.Garry samuraý şeýle jogap beripdir: Eger-de kimdir biri saňa sowgatly gelse, senem ony kabul etmeseň, şol sowgat kime degişli bolar? Ozalky eýesine diýip, şägirtleri çürt-kesik jogap beripdirler. Görübilmezlik, ýigrenç, duşmançylyk, sögünç hem şonuň ýaly.

Sen olary tä kabul edýänçäň, olar diňe getirene degişli bolýarlar diýip, garry sözüni soňlapdyr.Terjime edenÝegenmämmet Taýlyýew.“Zaman-Türkmenistan”.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Türkmenistan bilen Täjigistanyň işewürleriniň arasynda bäş sany ylalaşyga gol çekildi
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporta gönükdirmek telekeçilik strategiýasynyň esasy ugrydyr
Işewürlik gatnaşyklary pugtalanýar
26.10.2019 | Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi