Paýhaslar

Islendik kyn zähmet ýoluny geçen adam, zähmet çekmekden lezzet alýar.A.W.Suworow

Akyl zähmetinden soňra dynç almak üçin fiziki zähmet ýakymly hem-de örän peýdalydyr.K.D.Uşinskiý

Zähmet bejeriji melhemdir.I.G. Gerder

Iş ynsany üç beladan halas edýär: gaýgy-gussadan, erbetlikden we mätäçlikden.Wolter

Atanyň ogluna galdyryp biljek iň uly mirasy edepdir.Hezreti Aly

Berýän öwütlerini özi hem ýerine ýetirýän adam nusgalyk ynsandyr.W.Şekspir

Adamkärçilik adamyň ýüregidir.Men-Szy

Eger-de adamlar beden maşklaryny edip, özüne erk etmegi başarsadylar, olaryň köpüsi lukmanyň kömegine mätäç bolmazdy.Josef Addison

Ynsanyň ähli zady: ýüzem, geýimem, köňlem, pikirem gözel bolmalydyr.A.Çehow

Lukmançylyk ähli döwürleriň soltanydyr. Çünki dünýädäki gözellikleriň we beýik mertebeleriň ählisi saglyga mätäç.Fýodor Petrowiç Gaaz

Keselleriň müňden dokuz ýüz togsan dokuzysyny kadaly iýmit bilen bejerip bolýar.Mahatma Gandi

Şägirt bolmadyk halypa-da bolmaz.Gündogar pähimi

Saglyk adamyň başyndaky täçdir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär.Abu Aly Ibn Sina

Tebigat ähli keselleri bejerýän lukmandyr.W.Şerbýule

Bedeni berkidýän zähmet we maşklar dermandan hem peýdalydyr.A.Musso

Dana adam derman däl-de, kesellemezligiň ýoluny gözlär.T.Mor

Toplan Kuwwat Jollyýew,TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygynyň kömekçisi.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Paýhaslar
Paýhaslar
Malaýziýa hyzmatdaş ýurtlara orangutan sowgat bermegi meýilleşdirýär
Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Geçen Bosgunlaryň Sany 2 Milliona Ýetdi