Paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler: sergiler, kino görkezişler we teatr sahna oýunlar

Ýakyn dynç alyş günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna baý medeni maksatnama garaşýar. Ýurdumyzyň muzeýlerinde Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan mowzuklaýyn sergiler dowam edýär.Aşgabat kinoteatrynda bolsa hindi filmleriniň hepdeligi öz işini tamamlaýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 27-nji ýanwarda bellenilip geçilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan sergi guraldy.Watan mertebesi belentdir, goragy mukaddes borçdur atly diwarlygy bu sergide arhiw fotosuratlary we ýurdumyzyň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary barada gürrüň berýän beýleki gymmatlyklar görkezilýär. 24-nji ýanwarda sagat 11:00-da Aşgabat kinoteatrynda hindi filmleriniň festiwalynyň çäklerinde Ingliş-wingliş atly film görkeziler. 2012-nji ýylda surata düşürilen bu film iňlis dilini pes derejede bilýän öý hojalykçy zenan barada gürrüň berýär.

Günleriň birinde Nýu-Ýorka düşen gahryman özüne bolan ynamyny artdyrmak we diňe bir öý hojalykçy däl-de, eýsem, özbaşdak şahsyýetdigini subut etmek üçin iňlis diliniň intensiw okuwlaryna ýazylýar.Türkmen döwlet gurjak teatry kiçijik tomaşaçylar üçin režissýor Kerim Ataýewiň sahnalaşdyran Mobil dünýäsi atly terbiýeçilik ähmiýetli sahna oýnuny taýýarlady.

Bu erteki gahrymany Tagan atly oglanjygyň dürli enjamlara aşa gyzygyp, tötänleýin fantastiki mobil dünýäsine düşüşi barada söhbet açýar. Üýtgeşik wakalar gahrymana janly gatnaşygyň gadyryny bilmäge we adaty durmuşa dolanmaga kömek eder. Şeýle-de paýtagtymyzyň teatrlary aşakdaky sahna oýunlara çagyrýarlar: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 24.01.2026: Är we aýal 19:00; 25.01.2026: Gülki agşamy 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 24.01.2026: Öýlenmek 19:00; 25.01.2026: Durmuş diňe düýş däl 19:00.Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 24.01.2026: Mähriban dideler 19:00; 25.01.2026: Magnitofon 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 24.01.2026: Maşa we Aýy 12:00; 24.01.2026: Oýlap tapyjy aşyk 19:00; 25.01.2026: Zoluşka 11:00; 13:00; 25.01.2026: Myhmançylykda 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry: 24.01.2026: Arşyn mal alan 19:00; 25.01.2026: Sakawyň soňuna seret 19:00.Türkmen döwlet gurjak teatry: 24.01.2026: Çagalyk älemgoşary 17:00; 24.01.2026: Jüýteniň toýy 19:00; 25.01.2026: Mobil dünýäsi 12:00; 17:00; 25.01.2026: Çagaly öý bazar 19:00.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady atly hepdelik geçiriler
13-18-nji ýanwarda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi
23-25-nji ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
ZENAN KEŞBI TEATR SUNGATYNDA
2026-njy ýylyň 27-29-njy marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
31-nji ýanwar 1-nji fewral aralygynda teatrlarda görkeziljek sahna oýunlary