Paýtagtyň çaglar bagynda körpelere zaýalanan azyk berilýär

Paýtagtyň çaglar bagynda körpelere zaýalanan azyk berilýär

Aşgabadyň çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň iýmit üpjünçiliginiň ýaramazdygyny aýdýan ene-atalar öz çagalarynyň gün uzyn aç galýandygyny gürrüň berýärkä, çaglar baglarynyň işgärleri gelýän azyk harytlarynyň hiliniň iňňän pesdigini we hatda zaýalanandygyny habar berýärler.

Paýtagtyň çagalar baglarynyň birnäçe işgäri döwlet tarapyndan goýberilýän azyk harytlarynyň hiliniň gitdigiçe peseldilýändigini aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, gök önümler çüýrük halynda çagalara berilýär, çörekleriň hili pes, gara undan bişirilen çöregiň içi käte çig bolýar. "Bir günden artyk dursa, çörek yslanyp başlaýar, berilýän ýag gara pagta ýagy, onuň ýiti ysy naharlarda hem bildirýär" diýip, paýtagtly aşpez aýdýar.

Paýtagtyň ýene bir çagalar bagynyň işgäri öz işleýän ýerindäki ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: "Gelýän doň etleriň ýakymsyz ysy bar ol etleri aşhana işgärleri işden gitmänkä ýuwup duzly suwa ýatyryp gidýärler, ir bilen işe gelip bu etleri gaýnadyp suwlaryny dökýärler we ondan soňra nahar bişirýärler, şonda ysy bildirmeýär".

Ýene bir aşgabatly terbiýeçi "ýetişip gelýän nesle iň gowy iýmit bermeli ýerine arzan hili pes azyklar berilýär" diýip, zeýrenýär.

Körpeler näme iýýär?Ene-atalaryň sözlerine görä, çagalary öýlerine gelenlerinde hiç zat iýmändigini aýdýarlar. Aşgabatly ene öz çagasynyň gatnaýan bakjasynda narlaryň düzümi we iýmitleniş tertibi bilen gyzyklanyp görendigini aýdýar.

"Çagalar bagynyň bir günki menýusyna seredip gördüm.Ir bilen suwa atylan manka, ýagny mannaýa kaşa, ýöne süýtsüz, ýany bilen şekerli çaý we bir bölek çörek.Günortanlyk 1-nji nahary çorba içinde käbir ýerlerinde gök önümleri bar, ol şürrük çorba, tagamsyz, 2-nji nahar kortoşka pýure bir nahar çemçe ýanynda şol mukdarda podliwka.

Ondan çaga naharlanmaýar. Öýlänlik nahary 1 alma, 1 döwüm çörek we çaý.Bu çagalar bagynyň bir günlük iýmiti.Naharlaryň görnüşi başga günler üýtgese-de, olarda ýokum we witamin ýok" diýip, paýtagtly ene gürrüň berdi.

Ene-atalaryň goşandyAşgabadyň çagalar baglarynyň işgärleriniň we gatnaýan çagalaryň ene-atalarynyň sözlerine görä, çagalar bagynyň umumy maddy üpjünçiligi örän gowşak. Adaty çykdajylaryň köpüsi ene atalaryň we işgärleriň boýnuna atylýar.

"Ene-atalar, gerek bol gap-çanak, ýatak jaýyna ýorgan-düşek, haly we gruppa gerek bolan başga-da ähli zatlary öz hasabyna satyn alýarlar. Arassaçylyk serişdeleri, ýuwujy serişdeler, çagalaryň oýnajak oýunjaklary hem ene-atalaryň üstüne atylýar. Her ýyl remont üçin 400 manada çenli pul hem alynýar" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Çaglar bagynyň işgäri bolsa, tehniki enjamlar döwülse, işgärleriň öz hasabyna bejertmeli bolýandygyny gürrüň berdi.

"Çagalar bagynyň dolanşygynyň belli prosenti ene-atalaryň we işgärleriň üstüne atyldy diýsem ýalňyşmaryn. Öňümiz gyş, gruppalaryň ýyladyş ulgamy doly işlemeýär, turbalar ýama-ýama haçan ýarylsa ýarylybermeli. Bilim müdirliklerine ýüzlenseň, 'özüňiz çäre görüň, turbalary bejertmek üçin býujetde pul ýok' diýýärler. Barlag gelende bolsa, kemçilikleri aýdyp, jerime ýazyp gidýärler" diýip, çagalar bagynyň işgäri aýtdy.

Mundan öň ýurduň dürli böleklerindäki çaglar baglarynda, şol sanda paýtagtyň körpeler üçin niýetlenen edaralarynda çagalara berilýän iýmitiň hiliniň örän pesdigi, çagalaryň köpüsiniň gün uzyn hiç zat iýmän, öýerine aç barýandygy, käte çagalaryň iýmitden zäherlenýändigi barada Azatlygyň habarçylary ençeme gezek habar beripdi.

Resmi çäreBu ýagdaýlaryň hiç biri barada türkmen resmileri tarapyndan teswir berilmedi. Emma iş ýüzünde häkimiýetler çagalar baglarynda barlag geçirýärler, käwagt käbir azyk önümlerini bermegi togtadýarlar.

Geçen ýylyň noýabrynda Balkan welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda we başlangyç synplarda körpelere etli we süýtli naharlaryň berilmegi bes edilipdi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu talabyň ýerli saglyk müdirliginiň görkezmesi bilen ýerine ýetirilýändigini aýdyp, resmileriň "möwsümleýin wiruslar we weterinariýa çäreleri kadalaşýança et we süýt önümleriniň çagalara berilmeginiň gadagan edendigini” habar beripdi.

Çagalar baglarynyň tölegli bolmagyna garamazdan, olaryň maddy üpjünçiligi ýyllarboýy örän pes bolmagyna gaýar, ençeme ýyl bäri ene-atalardan ýorgan düşek, arassaçylyk serişdeleri we beýleki zerur zatlaryň getirilmegi talap edilýär.

Bu ýagdaýlar çagalar baglaryndaky tölegiň 10 esse ýokarlanmagyndan soňky ýyllarda dowam edýär. Üstesine, resmi bahasy aýda 80 manatlyk çagalar baglaryna uly nobat saklanýar we çagany nobatsyz salmak üçin para 1700 manada ýetýär. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 485,7 amerikan dollary-red.).

BMG-niň ilat gaznasynyň we BMG-niň çagalar gaznasynyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2020-nji ýylyň iýunynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanda 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň 40 göterimi çagalar bagyna gatnaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ahal welaýatynda bugdaý oragynda kombaýnlaryň müňden gowragy işledilýär
'Goşuna alynmak isleýärin'. Maryda ýaşlaryň harby bölüme ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýär
Türkmenistanly zenan ýer titreme barada: "Biz aman galdyk. Ýöne beýlekilere näme boldy?"
Türkmenbaşyda azyk nobatynda ýakalaşyk boldy, Lebapda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar azaldy
Aşgabatda ilkinji gar ýagdy
Kamberlend şaglawugy we onuň Aý älemgoşary